HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Hytaýdaky üpjünçilik zynjyrlary boýunça halkara sergisine gatnaşmaga çagyryldy

Noýabr 06, 2024 | 14:35 |10760
Türkmen işewürleri 2024-nji ýylyň 26-30-njy noýabry aralygynda Pekinde geçiriljek Hytaýdaky üpjünçilik zynjyrlary boýunça halkara sergisine gatnaşyp bilerler.Türkmen işewürleri 2024-nji ýylyň 26-30-njy noýabry aralygynda Pekinde geçiriljek Hytaýdaky üpjünçilik zynjyrlary boýunça halkara sergisine gatnaşyp bilerler.
Çeşme: tstb.gov.tm

Türkmen işewürleri 2024-nji ýylyň 26-30-njy noýabry aralygynda Pekinde geçiriljek Hytaýdaky üpjünçilik zynjyrlary boýunça halkara sergisine gatnaşyp bilerler.

CISCE üpjünçilik zynjyrlaryna ýöriteleşdirilen dünýäniň ilkinji milli sergisidir. Çäräniň esasy üns merkezi “Bir guşak – bir ýol” başlangyjynyň çäklerindäki hyzmatlara gönükdirilendir.

Ol “akylly” ulag; öňdebaryjy önümçilik; ýaşyl oba hojalygy; arassa energetika; sanly tehnologiýalar; sagdyn ýaşaýyş durmuşy ýaly esasy ugurlar boýunça ýöriteleşdirilen.

Şu ýyl guramaçylar “Öňdebaryjy önümçilik zynjyrlary” atly täze bölümçäni goşarlar.

Hytaýyň halkara söwda ösüşine ýardam bermek komitetiniň başlygynyň orunbasary Çžan Şaoganyň aýtmagyna görä, sergä 600-dan gowrak hytaý we daşary ýurtly kompaniýalar gatnaşar. Olaryň üçden iki bölegi önümçilik zynjyrlaryna ornaşdyrylan.

CISCE çäresiniň işewür maksatnamasynda “Innowasiýalar we üpjünçilik zynjyrlaryny ösdürmek boýunça ählumumy sammiti” hem-de serginiň esasy ugurlaryna bagyşlanan mowzuklaýyn bölümçeler geçiriler. Bu çärelerde halkara guramalarynyň, Hytaýyň hökümet edaralarynyň, hytaý we daşary ýurtly pudaklaýyn guramalarynyň hem-de tanymal kärhanalarynyň wekilleri önümçilik we üpjünçilik zynjyrlarynda halkara hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşarlar.

Üpjünçilik zynjyrlary boýunça ilkinji sergi 2023-nji ýylda geçirildi. Çärä 55 ýurtdan 515 kärhanalar we guramalar gatnaşdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026