HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Kapadokiýada Magtymgulynyň portreti howa şarynda asmana galdyryldy

Noýabr 03, 2024 | 23:45 |804
Ankaradaky Türkmenistanyň ilçisi Mekan Işangulýew 1-2-nji noýabrda Kapadokiýanyň köp bölegini öz içine alýan Türkiýäniň merkezindäki Newşehir sebitine saparyny amala aşyrdyAnkaradaky Türkmenistanyň ilçisi Mekan Işangulýew 1-2-nji noýabrda Kapadokiýanyň köp bölegini öz içine alýan Türkiýäniň merkezindäki Newşehir sebitine saparyny amala aşyrdy
Çeşme: antalyahabers.com

Ankaradaky Türkmenistanyň ilçisi Mekan Işangulýew 1-2-nji noýabrda Kapadokiýanyň köp bölegini öz içine alýan Türkiýäniň merkezindäki Newşehir sebitine saparyny amala aşyrdy. Bu ýerde ilçi, iki ýurduň arasyndaky medeni we ykdysady gatnaşyklary güýçlendirmek üçin “EkoÝewraziýa” gaznasy we Türki dünýäniň raýat jemgyýeti hyzmatdaşlygy assosiasiýasy (TÜRKSIT) bilen bilelikde Türkmenistanyň diplomatik missiýasy tarapyndan gurnalan çärelere gatnaşdy.

Şeýlelikde, maksatnama, işewürlik dünýäsiniň wekilleriniň gatnaşmagynda Newşehir Söwda-senagat edarasynda “Türkiýe-Türkmenistan: ykdysady gatnaşyklar we maýa goýum mümkinçilikleri” duşuşygyny, Gýuraý muzeýinde açylan “Türkmenistan fotosuratlarda” sergisini, ilçiniň şäher häkimýetleri, ýerli uniwersitetleriň rektorlary bilen duşuşyklary, gözel ýerlere ýerlere, şol sanda gadymy gaýa oturymly ýerlerine baryp görmekligi öz içine aldy.

4295ac9a6cc921bc6d4c613c797d568b.jpg

Şeýle hem, Türkiýäniň iň meşhur syýahatçylyk sebitlerinden biri bolan Göreme şäherinde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýörite çäre geçirildi – Kapadokiýada Türkiýäniň we Türkmenistanyň baýdaklary asylan hem-de türkmeniň beýik şahyrynyň suraty asylan sebet howa şary bilen asmana göýberildi diýip, Türkiýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri habar berdi.

Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň esasan taryhy we medeni ýakynlyga esaslanýandygyny belläp, “EkoÝewraziýa” gaznasynyň başlygy Hikmet Eren: “Iki ýurduň syýasy we ykdysady mümkinçilikleri, türki dünýäsiniň ösmeginde, ýewraziýa geografiýasynda parahatçylygy we durnuklylygy saklamakda esasy orny eýeleýär” – diýip, žurnalistlere aýtdy.

1

TÜRKSIT direktorlar geňeşiniň başlygy Kemal Kurnaz: “Medeniýet – bu özboluşlylygy görkezýän milletiň kökidir. Şonuň üçin medeni taslamalara goýlan her bir maýa goýum, adamlaryň öz taryhyna, sungatyna we däp-dessurlaryna bolan ygrarlylygyny güýçlendirýär.

2

Iki ýurduň arasynda durmuşa geçirilýän medeni taslamalar, bilim hyzmatdaşlygy we ýaş nesilleriň arasynda alyş-çalyş maksatnamalary halklarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary hasam çuňlaşdyrýar. Bu taslamalar halkara meýdançasynda medeni diplomatiýanyň işjeň ugry hökmünde türki dünýäsini hem görkezýär” diýip, belledi.

3

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
XIX asyr türkmen jemgyýetinde abraý nähili gazanylypdyr?

XIX asyr türkmen jemgyýetinde abraý nähili gazanylypdyr?

22:10 Awgust 16, 2026
«Türkmengaz» döwlet konserni turbalary, enjamlary we himiki önümleri satyn almak üçin açyk tender yglan edýär

«Türkmengaz» döwlet konserni turbalary, enjamlary we himiki önümleri satyn almak üçin açyk tender yglan edýär

20:30 Awgust 16, 2026
Halkara bilermenler Awazadaky sammitiň öňüsyrasynda «S6» formatynyň integrasiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar

Halkara bilermenler Awazadaky sammitiň öňüsyrasynda «S6» formatynyň integrasiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar

17:00 Awgust 16, 2026