HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan bilen Lihtenşteýniň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýuldy

Noýabr 04, 2024 | 15:50 |11675
Türkmenistan bilen Lihtenşteýn Knýazlygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Bilelikdäki Beýannama gol çekildi. Dabara 1-nji noýabrda Nýu-Ýork şäherinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň edara binasynda geçirildiTürkmenistan bilen Lihtenşteýn Knýazlygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Bilelikdäki Beýannama gol çekildi. Dabara 1-nji noýabrda Nýu-Ýork şäherinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň edara binasynda geçirildi
Çeşme: llv.li

Türkmenistan bilen Lihtenşteýn Knýazlygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Bilelikdäki Beýannama gol çekildi. Dabara 1-nji noýabrda Nýu-Ýork şäherinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň edara binasynda geçirildi.

Gol çekişlik dabarasyndan öň Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa bilen Lihtenşteýniň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Kristian Wenaweseriň arasynda söhbetdeşlik geçirildi diýip, duşenbe güni Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.

Diplomatlar iki ýurduň dostlukly gatnaşyklary berkitmäge we ikitaraplaýyn syýasy, ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge ygrarlylygyny tassykladylar, şeýle hem halkara guramalaryň, ilkinji nobatda BMG-niň çäginde özara gatnaşyklary giňeltmegiň ähmiýetini bellediler.

Taraplar BMG-niň gün tertibiniň Türkmenistan we Lihtenşteýn Knýazlygy üçin gyzyklanma bildirilýän meselelerini, hususan-da parahatçylygy we ynanşmagy berkitmek, öňüni alyş diplomatiýasynyň, halkara sport gatnaşyklarynyň ilerledilmegi we durnukly ösüş bilen baglanyşykly beýleki meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanyň Ilçisi Saud Arabystanynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Ilçisi Saud Arabystanynyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

14:47 Sentýabr 02, 2026
Astana şäherinde halkara agro-senagat sergisi KazAgroFarm 2026 geçiriler

Astana şäherinde halkara agro-senagat sergisi KazAgroFarm 2026 geçiriler

14:42 Sentýabr 02, 2026
Fransuz instituty güýzki okuw möwsümine kabul edişlik yglan edýär

Fransuz instituty güýzki okuw möwsümine kabul edişlik yglan edýär

14:34 Sentýabr 02, 2026