HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

ÝHHG-nyň “Geljegiň damjalary” atly Ýaşlar seminaryna gatnaşmak üçin bellige alnyşlar kabul edilýär

Noýabr 05, 2024 | 16:00 |10406
Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasy Şweýsariýa Konfederasiýasy bilen bilelikde 2025-nji ýylyň 29-30-njy ýanwarynda Aşgabatda “Suw-Azyk-Energiýa” mowzugy boýunça “Geljegiň damjalary” atly Ýaşlar seminaryny geçirýär.Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasy Şweýsariýa Konfederasiýasy bilen bilelikde 2025-nji ýylyň 29-30-njy ýanwarynda Aşgabatda “Suw-Azyk-Energiýa” mowzugy boýunça “Geljegiň damjalary” atly Ýaşlar seminaryny geçirýär.
Çeşme: ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi tarapyndan berildi

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasy Şweýsariýa Konfederasiýasy bilen bilelikde 2025-nji ýylyň 29-30-njy ýanwarynda Aşgabatda “Suw-Azyk-Energiýa” mowzugy boýunça “Geljegiň damjalary” atly Ýaşlar seminaryny geçirýär.

Seminar Merkezi Aziýanyň suw, energiýa we azyk boýunça ýaşlaryň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen.

Seminar interaktiw bölümçeler arkaly gatnaşyjylara başga ýurtlaryň bilermenleri we ýaş hünärmenleri bilen gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik berer. Seminara 18-35 ýaş aralygyndaky, Türkmenistanda ýaşaýan, suw serişdelerini dolandyrmak, azyk senagaty, energetika we ekologiýa durnuklylygy ýa-da meňzeş ugurlar boýunça bilimi we iş tejribesi bolan ýaş hünärmenler gatnaşyp biler. Gatnaşyjylar gowy aragatnaşyk ukyplaryna eýe bolmaly hem-de seminaryň çärelerine, şol sanda maslahatlaşmalara we topar işine işjeň gatnaşmaga höwesi bolmaly.

Çäre iňlis we rus dillerinde alnyp barylar.

Gyzyklanma bildirýän gatnaşyjylar bellige alnyş görnüşini dolduryp, iňlis ýa-da rus dillerinde şahsy maglumatlaryny ugradyp, indiki soraglara bagyşlap iňlis ýa-da rus dillerinde gysga 1 minutdan uly bolmadyk wideoýazgysyny ýerine ýetirmeli:

“Siziň pikiriňizçe, sebitiňizde gysga we uzak geljekde suw, energiýa we azyk bilen baglanyşykly iň uly mesele haýsysy bolar?” Haýsy jogaplary tapyp bolardy?

“Sizi seminara gatnaşmaga näme höweslendirýär we siziň garaşýan netijeleriňiz?”

Bellige alnyşlar 2024-nji ýylyň 17-nji noýabra çenli kabul edilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabat ykdysady gün tertibini dünýä arenasynda öňe çykarýar: TIF 2026 1-nji oktýabrda başlanýar

Aşgabat ykdysady gün tertibini dünýä arenasynda öňe çykarýar: TIF 2026 1-nji oktýabrda başlanýar

18:05 Sentýabr 30, 2026
Türkmenistanyň küştçi zenanlary Samarkantda geçirilen 46-njy Bütindünýä küşt olimpiadasynda kümüş medal gazandy

Türkmenistanyň küştçi zenanlary Samarkantda geçirilen 46-njy Bütindünýä küşt olimpiadasynda kümüş medal gazandy

09:30 Sentýabr 30, 2026
Koreýa Respublikasy nebitiň bahasyna bagly harytlaryň bahalaryny durnuklaşdyrmak çärelerini ýylyň ahyryna çenli uzaltdy

Koreýa Respublikasy nebitiň bahasyna bagly harytlaryň bahalaryny durnuklaşdyrmak çärelerini ýylyň ahyryna çenli uzaltdy

20:00 Sentýabr 29, 2026