HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanlylar Berline okuwa çagyrylýar: talyp hakly okuwlara kabul edilişik başlandy

Noýabr 05, 2024 | 15:00 |1628
Türkmenistandaky Germaniýanyň ilçihanasy daşary ýurtlaryň uçurumlary we postdoktorantlary üçin Berliniň wekiller Palatasynyň Barlag gaznasynyň stipendiýalaryny almak mümkinçilikleri barada habar berdi.Türkmenistandaky Germaniýanyň ilçihanasy daşary ýurtlaryň uçurumlary we postdoktorantlary üçin Berliniň wekiller Palatasynyň Barlag gaznasynyň stipendiýalaryny almak mümkinçilikleri barada habar berdi.
Çeşme: iues.sfedu.ru

Türkmenistandaky Germaniýanyň ilçihanasy daşary ýurtlaryň uçurumlary we postdoktorantlary üçin Berliniň wekiller Palatasynyň Barlag gaznasynyň stipendiýalaryny almak mümkinçilikleri barada habar berdi.

Maksatnama 2025/26-njy akademiki ýyl üçin Berliniň uniwersitetleriniň birinde okuwy we barlaglary goldamaga gönükdirilen 15 sany stipendiýalary hödürleýär.

Stipendiýa uçurumlar we doktorantlar üçin aýda 1 100 ýewro, postdoktorantlar üçin bolsa 1 630 ýewro barabar. Maksatnama 2025-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan 2026-njy ýylyň 31-nji iýulyna çenli dowam eder.

Seçip alma talaplary ähli ugurlara degişli bolup, bu bolsa maksatnamany dürli pudaklaryň hünärmenleri üçin elýeterli edýär. Islegleriň soňky kabul ediş möhleti – 2024-nji ýylyň 15-nji dekabry.

Maksatnama boýunça goşmaça maglumatlary Berliniň wekiller Palatasynyň saýtynda https://www.parlament-berlin.de , şeýle hem Türkmenistandaky Germaniýanyň ilçihanasynyň sosial ulgamlarynda tapyp bilersiňiz.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

20:26 Oktýabr 26, 2026
Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

19:00 Oktýabr 26, 2026