HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Zähmet ministrligi we USAID möwsümleýin işgärler üçin maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi boýunça seminar guradylar

Noýabr 04, 2024 | 11:30 |8672
Çäre döwletara bilimleri alyşmak, pudaklaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek we milli derejede zähmet çekýänleriň hukuklaryny goramak gurallaryny gowulandyrmak barada maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança öwrüldiÇäre döwletara bilimleri alyşmak, pudaklaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek we milli derejede zähmet çekýänleriň hukuklaryny goramak gurallaryny gowulandyrmak barada maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança öwrüldi
Çeşme: eurasiatoday.ru

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi USAID-yň “Merkezi Aziýada howpsuz migrasiýa” (SMICA) maksatnamasy bilen bilelikde 30-31-nji oktýabr aralygynda möwsümleýin işgärler üçin maksatnamalary we Halkara Zähmet guramasynyň (HZG) standartlaryna laýyklykda işe almagyň teswirnamalaryny işläp taýýarlamakda we durmuşa geçirmekde türkmen hünärmenleriň taýýarlyklaryny ýokarlandyrmaga gönükdirilen intensiw seminaryny geçirdiler. Özbegistanyň bu ulgamdaky tejribesine aýratyn üns berildi.

Çäre Türkmenistanyň we Özbegistanyň resmi adamlaryny, bilermenlerini hem-de wekillerini, şol sanda Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Mejlisiniň, Adalatçysynyň edarasynyň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkeziniň wekillerini birleşdirdi.

Özbek tarapyndan CONSERAS konsalting kompaniýasynyň direktory Alişer Husainow we Adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça Özbegistanyň Milli toparynyň wekili Gülruh Niýazmetowa gatnaşdylar. Olar möwsümleýin işägrleri işe almagyň açyk we howpsuz teswirnamalaryny döretmekde Özbegistanyň gazananlary bilen tanyşdyrdylar.

Seminarda möwsümleýin iş üçin HZG-nyň standartlary, zähmet çekýän migrantlaryň hukuklarynyň goraglylygy, işe almagyň etiki tejribesi we işgärlere bolan adalatly garaýyş ýaly esasy mowzuklar ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de gatnaşyjylar milli hukuk kadalarynyň halkara standartlaryna laýyk getirilmeginiň tejribe strategiýalaryny we bu usullaryň Türkmenistanyň zerurlyklaryna uýgunlaşdyrmagyň mümkinçiliklerini öwrendiler.

Çäre döwletara bilimleri alyşmak, pudaklaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek we milli derejede zähmet çekýänleriň hukuklaryny goramak gurallaryny gowulandyrmak barada maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança öwrüldi. Seminaryň netijeleri halkara standartlaryna laýyk gelýän işe almagyň teswirnamalaryny ornaşdyrmagyň ähmiýetini ýene bir gezek tassykllap, Türkmenistanda zähmet çekýänleriň hukuk goraglylygynyň durnukly ulgamyny döretmekde utgaşdyrylan pudagara tagallalaryň ornuny aýratyn açyp görkezdi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

23:26 Sentýabr 26, 2026
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

23:00 Sentýabr 26, 2026
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

18:00 Sentýabr 26, 2026