HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Gazagystanda geçirilen ekologiýa we durnukly ösüş meseleleri boýunça okuw maksatly çärelere gatnaşdy

Noýabr 02, 2024 | 13:05 |1620
27-nji oktýabrdan 1-nji noýabra çenli Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde BMG-nyň Ösüş maksatnamasy (UNDP) tarapyndan guralan möhüm okuw çäreleri geçirildi. Bu çäreleriň çäklerinde Mugallymlaryň 3-nji halkara maslahaty, Mekdep okuwçylarynyň 2-nji Halkara festiwaly we howa meseleleri bilen baglanyşykly 1-nji mekdebi guraldy.27-nji oktýabrdan 1-nji noýabra çenli Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde BMG-nyň Ösüş maksatnamasy (UNDP) tarapyndan guralan möhüm okuw çäreleri geçirildi. Bu çäreleriň çäklerinde Mugallymlaryň 3-nji halkara maslahaty, Mekdep okuwçylarynyň 2-nji Halkara festiwaly we howa meseleleri bilen baglanyşykly 1-nji mekdebi guraldy.
Çeşme: education.gov.tm

27-nji oktýabrdan 1-nji noýabra çenli Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde BMG-nyň Ösüş maksatnamasy (UNDP) tarapyndan guralan möhüm okuw çäreleri geçirildi. Bu çäreleriň çäklerinde Mugallymlaryň 3-nji halkara maslahaty, Mekdep okuwçylarynyň 2-nji Halkara festiwaly we howa meseleleri bilen baglanyşykly 1-nji mekdebi guraldy.

Bu wakalara dokuz ýurduň, şol sanda Türkmenistanyň wekiliýetleri gatnaşdy. Çäreleriň çäklerinde gatnaşyjylar ekologiýa gün tertibi we durnukly ösüş meselelerinde bilimiň ähmiýeti barada işjeň maslahatlaşdylar. Türkmen wekiliýetiniň düzümine üç mekdep okuwçysy we üç mugallym gatnaşyp, olar ekologiýa meseleleri we howa bilen baglanyşykly çagyryşlara taýýarlygynda bilimiň ähmiýeti barada maslahatlaşmak üçin halkara bileleşigine goşulyşdylar. Maslahatda we festiwalda gatnaşyjylar tejribe alyşyp, okuw çemeleşmelerini hödürläp, ekologiýa aň-bilimi boýunça öz tekliplerini beýan etdiler.

Mugallymlaryň 3-nji halkara maslahatyna ýaşlarda ekologiýa aňyny kemala getirmekde mekdep biliminiň ähmiýeti barada maslahatlaşmak üçin ekologiýa mugallaymlary we bilermenleri ýygnanşdylar. Mekdep okuwçylaryň daşky gurşawy goramaklyga gyzyklanma döretmekde we howanyň üýtgemegine düşünjeli garamakda ýardam berýän usullara aýratyn ähmiýet berildi. Türkmen mugallymlary interaktiw ekologiýa oýunlaryny we okuw gollanmalaryny ulanmakda öz işläp taýýarlamalaryny hödürlediler.

Mekdep okuwçylarynyň 2-nji halkara festiwaly ekologiýa meseleleri boýunça öz taslamalaryny we pikirlerini hödürlemekde ýaş gatnaşyjylar üçin meýdança öwrüldi. Festiwalda uglerod yzyny azaltmak, biodürliligi gorap saklamak we suw serişdelerini goramak ýaly mowzuklar ara alnyp maslahatlaşyldy. Derwaýys ekologiýa meselelerini çözmäge gönükdirilen türkmen mekdep okuwçylarynyň barlaglary gyzyklanma döretdiler.

Howa bilen baglanyşykly 1-nji mekdebinde mekdep okuwçylaryň we mugallymlaryň howanyň üýgtemeginiň daşky gurşawa ýetirýän täsirini öwrenmäge mümkinçiligi boldyr. Maksatnama leksiýalardan, ussatlyk sapaklaryndan we eksukrsiýalardan ybarat bolup, olarda gatnaşyjylar howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak gurallaryna has gowy düşünip bildiler.

BMG-niň ÖM-niň ýolabşçylygynda geçirilýän şeýle çäreler ekologiýa aň-bilim ulgamy boýunça halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýetini açyp görkezdi. Guramaçylar geljegiň ekologiýa çagyryşlaryna düşünjeli çemeleşip biljek nesli taýýarlamakda maslahatlaryň we festiwallaryň ýardam berjekdigine ynam bildirdiler diýip, Bilim ministrligiň saýtynda bellenilýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

Ata-babalaryň sesi: Türkmen “urany” halk mertebesiniň nyşany hökmünde

22:35 Awgust 06, 2026
Eýran bilen Oman Ormuz bogazyndaky täze deňiz ugruny döretmek barada ylalaşyga ýakyn geldiler

Eýran bilen Oman Ormuz bogazyndaky täze deňiz ugruny döretmek barada ylalaşyga ýakyn geldiler

21:00 Awgust 06, 2026
BMG-niň Bütindünýä azyk maksatnamasy: Owganystanda 14 million adam ýiti azyk ýetmezçiliginden ejir çekýär

BMG-niň Bütindünýä azyk maksatnamasy: Owganystanda 14 million adam ýiti azyk ýetmezçiliginden ejir çekýär

19:00 Awgust 06, 2026