HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Tehnologiýalar ulgamynda zenanlaryň ornuny ýokarlandyrmak boýunça taslamasyna gatnaşmaga çagyrýarys

Noýabr 01, 2024 | 16:13 |9871
USAID-iň Telekeçiligi ösdürmek taslamasy Sanli Bilim kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda, 18 ýaşdan uly gyzlar we zenanlar üçin “Tehnologiýalar ulgamynda zenanlaryň ornuny ýokarlandyrmak” taslamasyny durmuşa geçirýär. Üç aýyň dowamynda, gatnaşyjylar web ýa-da bekend-programmirleme boýunça başlangyç IT başarnyklaryna eýe bolarlar.USAID-iň Telekeçiligi ösdürmek taslamasy Sanli Bilim kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda, 18 ýaşdan uly gyzlar we zenanlar üçin “Tehnologiýalar ulgamynda zenanlaryň ornuny ýokarlandyrmak” taslamasyny durmuşa geçirýär. Üç aýyň dowamynda, gatnaşyjylar web ýa-da bekend-programmirleme boýunça başlangyç IT başarnyklaryna eýe bolarlar.
Çeşme: USAID

USAID-iň Telekeçiligi ösdürmek taslamasy Sanli Bilim kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda, 18 ýaşdan uly gyzlar we zenanlar üçin “Tehnologiýalar ulgamynda zenanlaryň ornuny ýokarlandyrmak” taslamasyny durmuşa geçirýär. Üç aýyň dowamynda, gatnaşyjylar web ýa-da bekend-programmirleme boýunça başlangyç IT başarnyklaryna eýe bolarlar.

Üç aýlyk başlangyç IT okuw gutarandan soň, iň üstünlikli okan gatnaşyjylara maglumatlary analiz etmek we web-programmirleme boyunça çuňlaşdyrylan okuwlary geçmek mümkinçiligi berler.

Mundan başga-da, gatnaşyjylaryň hemmesi iňlis dilini öwrenerler we iş mümkinçiliklerini ýokarlandyrjak telekeçilik okuwlaryna gatnaşarlar. Okuw, gatnaşyjylaryň täze başarnyklaryny görkezýän innowasion tehnologik taslamalaryny görkezjek tanyşdyryş çäresi bilen tamamlanar.

“Tehnologiýalar ulgamynda zenanlaryň ornuny ýokarlandyrmak” taslamasynyň giriş okuwy Aşgabatda üç aý dowam eder we bäş aýry tapgyrdan ybarat bolar:

  1. Web we bekend-programmirleme boýunça giriş IT kurslary;
  2. Iňlis dili (iş üçin);
  3. Şahsy başarnyklar (soft skills) we telekeçilik boýunça okuwlar;
  4. Hakaton;
  5. Gatnaşyjylaryň prezentasiýa güni.

Saýlanan gatnaşyjylar, tehnologiki, telekeçilik we şahsy başarnyklary öz içine alýan, gymmatly tejribe berjek doly okuwdan geçerler. Okuwlar, şol sanda, rezýume ýazmak we iş söhbetdeşligine taýýarlyk geçmek ýaly usullary hem öz içine alýar.

Arza bermek üçin, 2024-nji ýylyň 17-nji noýabrynda sagat 11:59-da çenli şu salgy boýunça arzany doldurmagyňyz zerurdyr. Gatnaşyjylary okuw ýerleriň sany çäkli bolany üçin bäsdeşlik esasynda saýlanarlar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýapon alymlary täze dişleriň ösmegini höweslendirýän serişdäni üstünlikli synagdan geçirdiler

Ýapon alymlary täze dişleriň ösmegini höweslendirýän serişdäni üstünlikli synagdan geçirdiler

20:41 Iýul 15, 2026
Tramp Ormuz bogazyndan geçiş üçin teklip edilen 20 göterim ýygymy Pars aýlagy ýurtlary bilen maýa goýum ylalaşyklary bilen çalyşdy

Tramp Ormuz bogazyndan geçiş üçin teklip edilen 20 göterim ýygymy Pars aýlagy ýurtlary bilen maýa goýum ylalaşyklary bilen çalyşdy

20:02 Iýul 15, 2026
ABŞ Eýrana täze zarbalary urdy, Yslam Rewolýusiýasynyň Goragçylary Korpusy Bahreýn bilen Kuweýtdäki bazalara hüjüm etdi, Ormuz bogazyndaky deňiz gabawy täzeden ýola goýuldy

ABŞ Eýrana täze zarbalary urdy, Yslam Rewolýusiýasynyň Goragçylary Korpusy Bahreýn bilen Kuweýtdäki bazalara hüjüm etdi, Ormuz bogazyndaky deňiz gabawy täzeden ýola goýuldy

18:00 Iýul 15, 2026