HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hytaýyň tebigy goraghanalary göçýän guşlaryň ugurlaryny goramak kampaniýasyna başladylar

Oktýabr 31, 2024 | 11:32 |11715
Gyşyň ýakynlaşmagy bilen göçýän guşlaryň müňlerçe sürüleri has maýyl howaly ýurtlara göçüp başlaýarlar. Munuň bilen baglylykda, Hytaýyň tebigaty goramak jemgyýetleri göçýän guşlaryň ugurlaryny goramak kampaniýasyna başladylar. Bu barada CGTN habar berýär.Gyşyň ýakynlaşmagy bilen göçýän guşlaryň müňlerçe sürüleri has maýyl howaly ýurtlara göçüp başlaýarlar. Munuň bilen baglylykda, Hytaýyň tebigaty goramak jemgyýetleri göçýän guşlaryň ugurlaryny goramak kampaniýasyna başladylar. Bu barada CGTN habar berýär.
Çeşme: tvbrics.com

Gyşyň ýakynlaşmagy bilen göçýän guşlaryň müňlerçe sürüleri has maýyl howaly ýurtlara göçüp başlaýarlar. Munuň bilen baglylykda, Hytaýyň tebigaty goramak jemgyýetleri göçýän guşlaryň ugurlaryny goramak kampaniýasyna başladylar. Bu barada CGTN habar berýär.

Şeýlelikde, Şandun welaýatynyň çäklerindäki Huanhe derýasynyň deňize guýýan ýerinde ýerleşen Milli tebigy goraghanasynda tehnologiýalara maýa goýumlar artdyryldy, şeýle hem guşlaryň düşelge ýerlerini we olaryň göçüş döwründäki köpelmek şertlerini gowulandyrmak maksady bilen daşky gurşawy goramak çäreleri kabul edildi.

Göçýän guşlaryň göçüş ugrundaky başga esasy nokady Şensi welaýatyndaky Hunszýannao goraghanasy bolup dur. Onuň çäginde Hytaýyň çölündäki iň uly süýji suwly köl ýerleşen. Emma soňky ýyllarda adamyň işi akwatoriýa we suw hiline ýaramaz täsirini ýetirdi. Şonuň üçin hem, ýerli häkimiýet ýaşaýjylary başga etraplara göçürmek baradaky karara geldi.

Hunszýannao Milli tebigy goraghanasynyň dolandyryşynyň direktory He Hepiniň bellemegine görä, ozal goraghananyň çäklerinde we onuň ýanyndaky serhetlerde 530-dan gowrak öý hojalyklar bardy, we oba hojalyk ýerleriň umumy meýdanyndan 613 ga olara degişlidi. 2016-njy ýyldan bäri durmuşa geçirilýän ýaşaýjylary göçürmek baradaky maksatnamasyna laýyklykda, 487 öý hojalyklar göçürildi, 530-a golaý ga ýer goraghananyň dolandyryşyna geçirildi. Bu çäreleriň hem-de kölüň ekoulgamyny dikeltmek boýunça amala aşyrylýan taslamalaryň netijesinde bilermenler guş görnüşleriniň sanynyň belli derejede artmagyny belleýärler. Monitoringiň öňdebaryjy usullary bolsa guşlaryň her ýylky göçüşleriniň howpsuzlygyny we şowlulygyny üpjün etmäge ýardam berýär. Şeýlelik bilen, Hytaý ýabany tebigaty goramak meselesine we ýurduň tebigy goraghanalarynyň ýokary derejede ösdürilmegine uly ähmiýet berýär.
Hytaýda 1500 guş görnüşleri bar. Bu dünýädäki guşlaryň umumy sanynyň 13 % düzýär. Şunuň bilen birlikde, olardan 800-i göçýän guşlardyr. Mundan başga-da, planetadaky guşlaryň esasy göçüş ugurlarynyň dokuzdan dört bölegi Hytaýyň çäginden geçýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Yrak: 30-njy sentýabr — ABŞ goşunlarynyň çykarylmagy üçin ahyrky möhlet

Yrak: 30-njy sentýabr — ABŞ goşunlarynyň çykarylmagy üçin ahyrky möhlet

20:00 Awgust 13, 2026
Ärdogan bilen Abbas Ankarada duşuşdy

Ärdogan bilen Abbas Ankarada duşuşdy

18:00 Awgust 13, 2026
Awstriýa daýhanlar üçin dizel ýangyjyna döwlet subsidiýalaryny girizýär we bazar mehanizmlerinden ýüz öwürýär

Awstriýa daýhanlar üçin dizel ýangyjyna döwlet subsidiýalaryny girizýär we bazar mehanizmlerinden ýüz öwürýär

16:00 Awgust 13, 2026