Aşgabatda Hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklarynyň arasynda duşuşyk geçirildi


30-njy oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklaryň – Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçugyň arasynda duşuşyk geçirdi.
Meredow bilen Owerçuk ilki bilen dar düzümde gepleşik geçirdiler, soň bolsa duşuşyk Türkmenistanyň we Russiýanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde dowam etdi.

Duşuşyga gatnaşyjylar häzirki taslamalaryň mundan beýläk-de durmuşa geçirilmegi, şol sanda ulag, elektrik energiýasy we beýleki pudaklarda, şeýle hem saglygy goraýyş, ylym we bilim ugurlary arkaly medeni we ynsanperwer gatnaşyklaryň giňelmegi barada pikir alyşdylar diýip, DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.

TASS şeýle hem, Owerçugyň sözlerine salgylanyp, 2024-nji ýylyň ýedi aýynda Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky özara söwdanyň 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 58% ýokarlandygyny habar berdi.
Russiýanyň wise-premýeri iki ýurduň ugurdaş edalarynyň üsti bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümeti bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda 2025-2027-nji ýyllar üçin ykdysady hyzmatdaşlygyň meýilnamasy işlenip düzüldi, häzirki wagtda ony tassyklamagyň jemleýji tapgyrynda.
Hökümetara toparyň nobatdaky mejlisi 2025-nji ýylyň başynda geçirilmegi meýilleşdirilýär. Meýilleşdirilen mejlis hasap boýunça 13-nji bolar, öňki mejlis 2022-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Moskwada geçirildi.
ORIENT news








