HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Wenadaky ÝHHG-nyň Ykdysady we ekologiýa ölçegleri boýunça maslahatyna gatnaşýar

Oktýabr 31, 2024 | 03:25 |8043
Türkmenistanyň wekiliýeti 29-njy oktýabrda Wenada geçirilen ÝHHG-nyň Ykdysady we
ekologiýa ölçeglerini durmuşa geçirmek boýunça maslahatyna (EEDIM) gatnaşdy.
Ykdysady we ekologiýa çäreleriniň utgaşdyryjysynyň edarasy tarapyndan gurnalan we
Maltanyň ýolbaşçylygyndaky çäre, öňdebaryjy tejribe alyşmak üçin gatnaşyjy döwletleriň
wekillerini we hünärmenleri birleşdirdi.Türkmenistanyň wekiliýeti 29-njy oktýabrda Wenada geçirilen ÝHHG-nyň Ykdysady we
ekologiýa ölçeglerini durmuşa geçirmek boýunça maslahatyna (EEDIM) gatnaşdy.
Ykdysady we ekologiýa çäreleriniň utgaşdyryjysynyň edarasy tarapyndan gurnalan we
Maltanyň ýolbaşçylygyndaky çäre, öňdebaryjy tejribe alyşmak üçin gatnaşyjy döwletleriň
wekillerini we hünärmenleri birleşdirdi.
Çeşme: austria.tmembassy.gov.tm

Türkmenistanyň wekiliýeti 29-njy oktýabrda Wenada geçirilen ÝHHG-nyň Ykdysady we ekologiýa ölçeglerini durmuşa geçirmek boýunça maslahatyna (EEDIM) gatnaşdy. Ykdysady we ekologiýa çäreleriniň utgaşdyryjysynyň edarasy tarapyndan gurnalan we Maltanyň ýolbaşçylygyndaky çäre, öňdebaryjy tejribe alyşmak üçin gatnaşyjy döwletleriň wekillerini we hünärmenleri birleşdirdi.

Duşuşygyň birinji mejlisinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ekologiýa we suw diplomatiýasy meseleleri boýunça geňeşçi Magtymguly Akmyradow suw çeşmelerini deň derejede dolandyrmak bilen baglanyşykly sebit meselelerini gozgady we howanyň üýtgemegine netijeli uýgunlaşmagyň zerurdygyny nygtady. Ol Türkmenistanyň Merkezi Aziýada suw çeşmelerini durnukly dolandyrmak we ekologiýa howpsuzlygy meselesinde ygrarlydygyny tassyklady.

31102024-turkmenistan-obse- (2).jpg

Esasay üns EEDIM-iň esasy maksady tehnologiki çözgütlere, suwy durnukly dolandyrmagyň tejribelerine we sebitdäki durnuklylyga gönükdirildi. Türkmen tarapy, Aşgabatda tehnologiýa geçirişini ýeňilleşdirjek we Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagy ýokarlandyrjak howa tehnologiýasy boýunça sebit merkezini döretmek boýunça teklibi ýene bir gezek beýan etdi.

Ugurdaş çäre, suw howpsuzlygy meselelerine bagyşlanyp, sebitde durnukly ösüşi gazanmak üçin bilelikdäki tagallalaryň möhümdigini nygtaldy. Gatnaşanlar howanyň howpsuzlygyny üpjün etmek we suw baýlyklaryny goramak, serhetüsti ekologiýa meselelerini çözmek boýunça tejribe alyşdylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Si Szinpin ABŞ-a döwlet sapary bilen geldi, ony Tramp garşylady

Si Szinpin ABŞ-a döwlet sapary bilen geldi, ony Tramp garşylady

07:00 Sentýabr 24, 2026
Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

18:06 Sentýabr 23, 2026
Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

Saud Arabystany Patyşalygynyň wekiliýeti, Bütindünýä banky we iri korporasiýalar. TIF 2026 forumynyň giň gerimli gün tertibi düzüldi

18:00 Sentýabr 23, 2026