HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda Hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklarynyň arasynda duşuşyk geçirildi

Oktýabr 30, 2024 | 20:45 |12579
30-njy oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklaryň – Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçugyň arasynda duşuşyk geçirdi.30-njy oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklaryň – Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçugyň arasynda duşuşyk geçirdi.
Çeşme: mfa.gov.tm

30-njy oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklaryň – Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçugyň arasynda duşuşyk geçirdi.

Meredow bilen Owerçuk ilki bilen dar düzümde gepleşik geçirdiler, soň bolsa duşuşyk Türkmenistanyň we Russiýanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde dowam etdi.

30102024-turkmeno-rossijskoj-mezhpravkomissii (1).jpg

Duşuşyga gatnaşyjylar häzirki taslamalaryň mundan beýläk-de durmuşa geçirilmegi, şol sanda ulag, elektrik energiýasy we beýleki pudaklarda, şeýle hem saglygy goraýyş, ylym we bilim ugurlary arkaly medeni we ynsanperwer gatnaşyklaryň giňelmegi barada pikir alyşdylar diýip, DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.

30102024-turkmeno-rossijskoj-mezhpravkomissii (4).jpg

TASS şeýle hem, Owerçugyň sözlerine salgylanyp, 2024-nji ýylyň ýedi aýynda Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky özara söwdanyň 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 58% ýokarlandygyny habar berdi.

Russiýanyň wise-premýeri iki ýurduň ugurdaş edalarynyň üsti bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümeti bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda 2025-2027-nji ýyllar üçin ykdysady hyzmatdaşlygyň meýilnamasy işlenip düzüldi, häzirki wagtda ony tassyklamagyň jemleýji tapgyrynda.

Hökümetara toparyň nobatdaky mejlisi 2025-nji ýylyň başynda geçirilmegi meýilleşdirilýär. Meýilleşdirilen mejlis hasap boýunça 13-nji bolar, öňki mejlis 2022-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Moskwada geçirildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Londonda IFE we IFE Manufacturing 2027 halkara azyk senagaty sergileri geçiriler

Londonda IFE we IFE Manufacturing 2027 halkara azyk senagaty sergileri geçiriler

19:59 Iýul 28, 2026
Ilon Mask «X» sosial ulgamyň ulanyjylary üçin «X Money» töleg hyzmatyny işe girizdi

Ilon Mask «X» sosial ulgamyň ulanyjylary üçin «X Money» töleg hyzmatyny işe girizdi

19:56 Iýul 28, 2026
ABŞ-da komiks žurnaly 15 million dollara satyldy

ABŞ-da komiks žurnaly 15 million dollara satyldy

16:30 Iýul 28, 2026