HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda halkara ylmy gatnaşyklar ösdürilýär

Oktýabr 30, 2024 | 19:25 |8252
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda “Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Özbegistan Respublikasynyň Innowasiýa ösüşi ministrliginiň arasynda başlangyç ylmy-barlag taslamalary boýunça bilelikdäki bäsleşigi geçirmek hakynda Ylalaşyga” laýyklykda geçirilen bäsleşikde ýeňiji bolan iki sany ylmy tema boýunça ylmy-barlag işler alnyp barylýarTürkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda “Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Özbegistan Respublikasynyň Innowasiýa ösüşi ministrliginiň arasynda başlangyç ylmy-barlag taslamalary boýunça bilelikdäki bäsleşigi geçirmek hakynda Ylalaşyga” laýyklykda geçirilen bäsleşikde ýeňiji bolan iki sany ylmy tema boýunça ylmy-barlag işler alnyp barylýar
Çeşme: Orient.tm

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda “Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Özbegistan Respublikasynyň Innowasiýa ösüşi ministrliginiň arasynda başlangyç ylmy-barlag taslamalary boýunça bilelikdäki bäsleşigi geçirmek hakynda Ylalaşyga” laýyklykda geçirilen bäsleşikde ýeňiji bolan iki sany ylmy tema boýunça ylmy-barlag işler alnyp barylýar.

Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň Alternatiw energiýa çeşmeleriniň tehnologiýalary we ölçeg serişdeleri barlaghanasynda Özbegistanyň Milli transport uniwersiteti bilen bilelikde “Senagat galyndylarynyň esasynda gidrofob häsiýetli-hemodurgun organomineral kompozit materialyň häsiýetlerini öwrenmek we düzümini işläp taýýarlamak” atly tema boýunça gaz-himiýa senagatynyň galyndylaryny, materiallary hem-de mineral çig mallaryň dürli görnüşlerini peýdalanmak bilen täze kompozision düzümli kükürtlibetony almak boýunça işler alnyp barylýar.

Kükürtlibetonyň başlangyç materiallarynyň elýeterliligi we arzanlygy, ýerlerde olary ýasamak tehnologiýasynyň ýönekeýligi bilen birlikde olaryň adaty betonlara garanyňda gurluş-mehaniki berkligi, adgeziýa ukyby, himiki gurşawlarda ýokary durnuklulugy, pes suw syzdyryjylygy we beýleki wajyp hasýetleri babatda mese-mälim artykmaçlygy bardyr. Häzirki wagtda alnan netijeler boýunça Özbegistanly hyzmatdaşlar bilen bilelike ylmy makalalar çap edilýär, öýlap tapyşlary patentleşdirmek boýunça işler ýerine ýetirilýär.

Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň Nanotehnologiýalar barlaghanasynda Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň Umumy we organiki däl himiýa instituty bilen bilelikde “Siklopenta dienil demir dikarbonil dimeriň esasynda uglerod nanoturbalary sintezlemek we onuň fiziki-himiki häsiýetlerini öwrenmek” atly tema boýunça gaz fazadan himiki çökdürme (CVD) SSP-354 enjamynda uglerod nanoturbalary sintezlemek boýunça tejribeler geçirildi.

Düzüminde uglerodyň atomyny saklaýan siklopentadienil demir dikarbonildimer metalorganiki birleşme deslapky material hökmünde ulanyldy. Gaz fazadan himiki çökdürme reaktoryna transport ediji argon gazy ulanyldy. Gutarnykly alnan nusgalar özbek tarapa iberildi. Häzirki wagtda Özbegistan respublikasynyň ylmy barlag institutynda uglerod nanoturbalaryň skanirleýji elektron mikroskobyň kömegi bilen şekilleri alyndy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Halkara synçylary: Si Szinpiniň ABŞ-a sapary ynamy we hyzmatdaşlygy pugtalandyryp biler

Halkara synçylary: Si Szinpiniň ABŞ-a sapary ynamy we hyzmatdaşlygy pugtalandyryp biler

23:30 Sentýabr 24, 2026
Pezeşkian: Eýran özara hormat goýmak esasynda dialoga we hyzmatdaşlyga taýýar

Pezeşkian: Eýran özara hormat goýmak esasynda dialoga we hyzmatdaşlyga taýýar

23:00 Sentýabr 24, 2026
Maskyň çaklamasy: «On ýyldan dünýäde bir milliard robot, ýigrimi ýyldan bolsa 10 milliard robot bolar»

Maskyň çaklamasy: «On ýyldan dünýäde bir milliard robot, ýigrimi ýyldan bolsa 10 milliard robot bolar»

22:00 Sentýabr 24, 2026