HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«Sanly çözgüt – 2024» bäsleşiginiň saýlama tapgyry dowam edýär

Oktýabr 29, 2024 | 16:09 |8232
Kompýuter ylymlary we tehnologiýanyň innowasiýa usullary bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmak hem-de olary höweslendirmek maksady bilen «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan geçirilýän «Sanly çözgüt – 2024» atly innowasion taslamalaryň nobatdaky bäsleşiginiň saýlama tapgyry dowam edýär.Kompýuter ylymlary we tehnologiýanyň innowasiýa usullary bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmak hem-de olary höweslendirmek maksady bilen «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan geçirilýän «Sanly çözgüt – 2024» atly innowasion taslamalaryň nobatdaky bäsleşiginiň saýlama tapgyry dowam edýär.
Çeşme: «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan berildi

Kompýuter ylymlary we tehnologiýanyň innowasiýa usullary bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmak hem-de olary höweslendirmek maksady bilen «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan geçirilýän «Sanly çözgüt – 2024» atly innowasion taslamalaryň nobatdaky bäsleşiginiň saýlama tapgyry dowam edýär.

Bäsleşik yglan edilen gününden bäri Türkmenistanyň talyp we okuwçy ýaşlary, şeýle hem tehnologiki özgertmeler bilen gyzyklanýan höwesjeňleriň 300-den gowrak sanly taslamalary gelip gowuşdy.

Innowasion bäsleşigiň emin agzalary ýaşlaryň işläp düzen programmalaryna we sanly çözgütlerine kibernetikanyň, matematikanyň, algoritmleriň usullaryna, ýaşlaryň täze täze garaýyşlaryna we bäsleşigiň tassyklanan düzgünnamasyna esaslanyp baha berýärler.

Ýaşlar bolsa öz gezeginde akylly robotlar, wirtual kömekçiler, ýüzi tanamak ulgamlary, el telefonlaryndan we ses arkaly dolandyrylýan elektron enjamlar ýaly sanly çözgütleri işläp düzmekde özleriniň başarnyklaryny görkezýärler.

Türkmenistanyň ýaş alymlarynyň hem-de talyp ýaşlarynyň arasynda her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen bu bäsleşik IT tehnologiýalary ösdürmek, emeli aňy has-da kämilleşdirmek we robototehnika ýaly ugurlarda täze pikirlere ýüzlenmek üçin giň mümkinçilikleri açýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Serbiýada talyplaryň goldaýan hereketi parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy: Wuçiç ýeňlişini boýun aldy

Serbiýada talyplaryň goldaýan hereketi parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy: Wuçiç ýeňlişini boýun aldy

23:45 Oktýabr 27, 2026
“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy

“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy

23:31 Oktýabr 27, 2026
Dohada Bütindünýä maýa goýum forumy açyldy: liderler halkara söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga çagyrdylar

Dohada Bütindünýä maýa goýum forumy açyldy: liderler halkara söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga çagyrdylar

23:30 Oktýabr 27, 2026