HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda ýaş hünärmenler üçin zähmet frilans boýunça okuw maksatnamasy başlaýar

Oktýabr 30, 2024 | 06:05 |8001
USAID-iň häzirki zaman hünär endiklerini ösdürmek boýunça (YDA) taslamasynyň frilansa (şertnamasyz uzak aralykdan gysga möhletli iş) bagyşlanan täze okuw maksatnamasyna gatnaşmak üçin arzalary kabul edip başlandygyny habar berýär. Bu maksatnama, ýerli we halkara bazarlarda uzakdan üstünlikli işlemek üçin başarnyklaryny ösdürmek isleýän ýaş hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilendir.USAID-iň häzirki zaman hünär endiklerini ösdürmek boýunça (YDA) taslamasynyň frilansa (şertnamasyz uzak aralykdan gysga möhletli iş) bagyşlanan täze okuw maksatnamasyna gatnaşmak üçin arzalary kabul edip başlandygyny habar berýär. Bu maksatnama, ýerli we halkara bazarlarda uzakdan üstünlikli işlemek üçin başarnyklaryny ösdürmek isleýän ýaş hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilendir.
Çeşme: acer.com

USAID-iň häzirki zaman hünär endiklerini ösdürmek boýunça (YDA) taslamasynyň frilansa (şertnamasyz uzak aralykdan gysga möhletli iş) bagyşlanan täze okuw maksatnamasyna gatnaşmak üçin arzalary kabul edip başlandygyny habar berýär. Bu maksatnama, ýerli we halkara bazarlarda uzakdan üstünlikli işlemek üçin başarnyklaryny ösdürmek isleýän ýaş hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilendir.

30102024-frilans-v-turkmenistane (3).jpg

Bu maksatnamanyň maksady – gatnaşyjylara potratçylar üçin taslamalary netijeli durmuşa geçirmäge kömek etjek zerur nazary bilimleri we amaly endikleri bermekden ybarat. Okuwyň dowamynda meşhur frilans meýdançalarynda işlemek, laýyk taslamalary gözlemek we saýlamak, şeýle hem müşderiler bilen täsirli aragatnaşyk ýaly esasy mowzuklar açylar. Şeýle hem, gatnaşyjylar “Airtable” we “Asana” ýaly häzirki zaman öndürijilik gurallary, çykdajy usullary we şahsy marka barada öwrenerler.

30102024-frilans-v-turkmenistane (1).jpg

Okuw gibrid formatda geçiriler, bu gatnaşyjylara halkara we ýerli hünärmenleriň gatnaşmagynda adaty synp otagynda şeýle-de onlaýn bilim almaga mümkinçilik berer. Bu tejribe we bilim alyşmak üçin ajaýyp mümkinçilik döreder.

Bu maksatnama, 18 ýaşdan 28 ýaş aralygyndaky Türkmenistanyň raýatlary üçin programmirleme, grafiki dizaýn, amaly düzmek, terjime, maliýe we buhgalteriýa ýaly hünärli adamlara elýeterlidir. Maksatnama gatnaşmak mugt, bu bolsa ýaşlaryň giň toparyna elýeterli bolýar. Gatnaşmak üçin arzalar 18-nji noýabra çenli kabul edilýär.

30102024-frilans-v-turkmenistane (5).jpg

Bu başlangyç, Türkmenistanda ýaşlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak ugrunda möhüm ädimdir we frikans hyzmatlara bolan islegiň artmagy netijesinde karýerany ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

23:26 Sentýabr 26, 2026
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

23:00 Sentýabr 26, 2026
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

18:00 Sentýabr 26, 2026