HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen eminleri AFK-nyň Çagyryş ligasynda ilkinji duşuşygyna çykar

Oktýabr 29, 2024 | 11:10 |9393
Aziýanyň Futbol konfederasiýasy türkmenistanly halkara derejeli emin Resul Mämmedowa we onuň kömekçileri Ahmet Begnazarow bilen Pälwan Pälwanowa jogapkärçilikli duşuşyklaryň ýene-de birini ynandy.Aziýanyň Futbol konfederasiýasy türkmenistanly halkara derejeli emin Resul Mämmedowa we onuň kömekçileri Ahmet Begnazarow bilen Pälwan Pälwanowa jogapkärçilikli duşuşyklaryň ýene-de birini ynandy.
Çeşme: Türkmenistanyň futbol federasiýasy

Aziýanyň Futbol konfederasiýasy türkmenistanly halkara derejeli emin Resul Mämmedowa we onuň kömekçileri Ahmet Begnazarow bilen Pälwan Pälwanowa jogapkärçilikli duşuşyklaryň ýene-de birini ynandy.

Türkmenistanly eminler şu gün, 29-njy oktýabrda AFK-nyň Çagyryş ligasynyň ikinji tapgyryndaky «Paro» (Butan) ― «Nejmeh» (Liwan) duşuşygyny alyp bararlar.

Butanyň Zimpu şäherindäki «Çanglimizang» stadionynda geçiriljek duşuşyk Aşgabat wagty bilen sagat 16:00-da başlanar. Türkmen hünärmenleri üçin bu oýun, ýaryşyň çägindäki taryhy ilkinji duşuşygy bolar.

Bu duşuşyk FIFA derejeli emin Resul Mämmedowyň AFK-nyň ýaryşlaryndaky, baş emin hökmünde çykan ikinji resmi duşuşygy bolar. Türkmen emini ýakynda 20 ýaşa çenli ýaşlaryň arasyndaky yklym çempionatynyň saýlama tapgyrynda hem bir duşuşykda eminlik edipdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

22:30 Sentýabr 21, 2026
Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

21:13 Sentýabr 21, 2026
Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

21:00 Sentýabr 21, 2026