HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen diplomatlary we Ukrainanyň “Znaniýe” Jemgyýetiniň agzalary dialogyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar

Oktýabr 27, 2024 | 22:25 |9499
Kiýewdäki Türkmenistanyň ilçihanasynda Ukrainanyň “Znaniýe” Jemgyýetiniň agzalary Andreý Gorçakow, Katerina we Olga Krawçuk bilen duşuşyk geçirildi.Kiýewdäki Türkmenistanyň ilçihanasynda Ukrainanyň “Znaniýe” Jemgyýetiniň agzalary Andreý Gorçakow, Katerina we Olga Krawçuk bilen duşuşyk geçirildi.
Çeşme: ukraine.tmembassy.gov.tm

Kiýewdäki Türkmenistanyň ilçihanasynda Ukrainanyň “Znaniýe” Jemgyýetiniň agzalary Andreý Gorçakow, Katerina we Olga Krawçuk bilen duşuşyk geçirildi.

Ukrainanyň “Znaniýe” Jemgyýeti 1948-nji ýylda esaslandyrlyp, ylmy, bilimi we medeniýeti ösdürmekde ýurduň iri hökümet däl jemgyýeti hasaplanylýar. Häzirki wagtda alymlar, professorlar, mugallymlar we medeniýet işgärleri onuň agzalygyna girýär.

Andreý Gorçakow Jemgyýetiň düzüminde hususy uniwersitet hereket edip, ol ýerde dürli ugurlar boýunça okuw kurslaryň geiçrilýändigi we ýokary bilim baradaky diplomyň dünýäniň köp ýurtlarynda ykrar edilýändigi barada belledi. Munuň bilen baglylykda, “Znaniýe” Jemgyýetiniň wekili Türkmenistanyň raýatlaryny talyp hökmünde kabul etmäge taýýardygynda ynandyrdy diýip, ilçihanada habar berildi.

Medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen myhmanlar tarapyndan Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Ilçihanasy bilen bilelikde sergileriň, konsertleriň we başga çäreleriň geçirilmegine taýýardygy barada bellenildi.

Ilçi Toýly Ataýew, öz gezeginde, ylym, bilim, medeniýet pudaklary Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryň bolandygyny belläp, ukrain tarapyna Ilçihananyň bu babatda alyp barýan işleri barada maglumat berdi. Hususan-da, şu ýyl Ukrainada we bütin dünýä jemgyýetiçiligi tarapyndan beýik türkmen akyldary we Gündogaryň şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giň bellenilýändigi barada hem aýdyldy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
«Medeniýet we Syýahat» žurnaly Gadymy Merwe syýahat guraýar

«Medeniýet we Syýahat» žurnaly Gadymy Merwe syýahat guraýar

22:17 Awgust 15, 2026
Aşgabatda mekdep üçin zerur zatlaryň hemmesini nireden satyn almaly: «Atlas» kanselýariýa harytlaryna onlaýn sargyt hyzmatyny işe girizdi

Aşgabatda mekdep üçin zerur zatlaryň hemmesini nireden satyn almaly: «Atlas» kanselýariýa harytlaryna onlaýn sargyt hyzmatyny işe girizdi

22:10 Awgust 15, 2026
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp anna güni Ormuz bogazyny tiz wagtdan ABŞ-nyň çägi diýip yglan etjekdigini aýtdy

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp anna güni Ormuz bogazyny tiz wagtdan ABŞ-nyň çägi diýip yglan etjekdigini aýtdy

21:00 Awgust 15, 2026