HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanly wolleýbolçylar Daşkentdaky CAVA-2024 çempionatynyñ bürünç medalyny eýelediler

Oktýabr 25, 2024 | 11:55 |13969
Üçünji ýer ugrundaky duşuşykda türkmen milli ýygyndy topary Owganystanyñ milli topary bilen duşuşdy.Üçünji ýer ugrundaky duşuşykda türkmen milli ýygyndy topary Owganystanyñ milli topary bilen duşuşdy.
Çeşme: Aziýanyň woleýbol konfederasiýasy

Türkmenistanyñ wolleýbol boýunça milli ýygyndysy 2024-nji ýylyñ Merkezi Aziýanyñ wolleýbol Assosiasiýasynyñ çempionatynyñ (CAVA) bürünç medalyny eýelediler. Üçünji ýer ugrundaky duşuşykda türkmen milli ýygyndy topary Owganystanyñ milli topary bilen duşuşdy.

SaveClip.App_464269138_1084884456343029_7423944469168848781_n.jpg

Baş tälimçi Serdar Täçnazarowyñ ýolbaşçylygyndaky wolleýbolçylarymyz 3:0 (25-23, 25-21, 25-20) hasabynda ynamly ýeñiş gazandylar.

SaveClip.App_464250426_833999455610097_3648027691317007067_n.jpg

Çempionatyñ altyn medalyna Gyrgyzystanyñ wolleýbolçylary mynasyp bolup, final duşuşykda ýaryşyñ ýer eýeleri bolan Özbegistanyñ toparyny 3:0 hasabynda ýeñmegi başardylar.

Ýaryşyñ netijeleri boýunça Türkmenistanyñ milli ýygyndysynyñ oýunçysy Mithun Gulyýew hem-de Gyrgyzystanyñ wolleýbolçysy Nurislam Medetbek Uulu "iñ gowy merkezi blok oýunçylary" diýlip yglan edildi we baýraklara mynasyp boldylar.

Iki wolleýbolçy hem ýaryşyñ simwoliki ýygyndysyna (Dream Team) girizildi.

Frame 47 (9).png

Ýaryşa alty milli ýygyndy toparlary gatnaşyp, ýaryş aýlawly görnüşinde geçirildi. Türkmen wolleýbolçylary owgan toparyny birinji aýlawda hem ýeñdiler.

Türkmen milli ýygyndysynyñ bürünç medaly ugrundaky ýoly:

Türkmenistan-Owganystan (3:0)
Türkmenistan-Maldiw adalary (3:2)
Türkmenistan-Täjigistan (3:0)
Türkmenistan-Gyrgyzystan (1:3)
Türkmenistan-Özbegistan (3:2)

Üçünji ýer ugrundaky duşuşyk:
Türkmenistan-Owganystan (3:0)

SaveClip.App_464646655_522287844100148_6194825499759884426_n.jpg

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

01:02 Awgust 26, 2026
Meksikaly professor Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin okuw maslahatlaryny geçirdi

Meksikaly professor Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin okuw maslahatlaryny geçirdi

01:00 Awgust 26, 2026
Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

00:06 Awgust 26, 2026