HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Hazar deňziniň türkmen böleginde ilkinji gezek Gazagystanyň burawlaýyş düzümi işläp başlar

Oktýabr 25, 2024 | 03:25 |10657
Gazagystanyň milli nebit-gaz “KazMunýGaz” kompaniýasynyň golçar kompaniýasy bolan – “KMG Drilling & Services” Hazar deňziniň türkmen böleginde buraw hyzmatlary üçin “Dragon Oil” bilen şertnama baglaşdyGazagystanyň milli nebit-gaz “KazMunýGaz” kompaniýasynyň golçar kompaniýasy bolan – “KMG Drilling & Services” Hazar deňziniň türkmen böleginde buraw hyzmatlary üçin “Dragon Oil” bilen şertnama baglaşdy
Çeşme: kmg-ds.kz

Gazagystanyň milli nebit-gaz “KazMunýGaz” kompaniýasynyň golçar kompaniýasy bolan – “KMG Drilling & Services” Hazar deňziniň türkmen böleginde buraw hyzmatlary üçin “Dragon Oil” bilen şertnama baglaşdy. Bu barada “KazMunaýGazyň” müdiriýetiniň başlygy Ashat Hasenow Aşgabatda geçirilen “Türkmenistanyň nebiti we gazy” atly halkara maslahatynda habar berdi.

Taslamanyň çäginde Gazagystanyň “Satti” atly deňizde öz-özüni göteriji we ýüzüji burawlaýyş düzümi ilkinji gezek Çeleken meýdançasynda ulanylar. “Satti” deňizde öz-özüni göteriji we ýüzüji burawlaýyş düzümi Gazagystanda işlenip düzülen we Mangistau sebitindäki gämi abatlaýyş kärhanasynda gurlan ilkinji deňiz buraw desgasy boldy.

Gurluşyň uzynlygy 72 metr, ini 64 metr we beýikligi 119 metr bolup, beýikligi 26 gatly binanyň beýikligine deňdir. Gurluşyň umumy agramy 10,8 müň tonna. Ýakynda geçiriljek iş bilen baglanyşykly “KMG Drilling and Services” (“KazMunaýGaz”MK” PJ-niň golçar kompaniýasy) Aşgabatda şahamçasy açyldy. Bu bolsa Türkmenistandaky işlerini işjeň alyp barmaga mümkinçilik berer.

Mundan başga-da, milli kompaniýanyň ýolbaşçysy “KazMunaýGazy” burawlamak, we ýerasty guýularyny düýpli abatlamak üçin mümkinçiligi bar bolan hyzmatdaş hökmünde garamagy teklip etdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

Yrak OPEC-den çykýandygy baradaky myş-myşlary ret etdi: ýurt guramadan çykmagy däl-de, kwotalaryň täzeden gözden geçirilmegini isleýär

18:59 Iýun 26, 2026
Tecno kompaniýasy uly kuwwatly batareýaly ultra-inçe Camon 50 Slim smartfonyny çykardy

Tecno kompaniýasy uly kuwwatly batareýaly ultra-inçe Camon 50 Slim smartfonyny çykardy

17:45 Iýun 26, 2026
Dünýä syýahatçylyk pudagynyň öňdebaryjylary Antalýada geçiriljek giň gerimli ATF26 sergisine ýygnanar

Dünýä syýahatçylyk pudagynyň öňdebaryjylary Antalýada geçiriljek giň gerimli ATF26 sergisine ýygnanar

17:42 Iýun 26, 2026