HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy zähmet rugsadyna çykar

Oktýabr 26, 2024 | 03:55 |9115
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy 1-nji noýabryndan başlap zähmet rugsadyna çykar. Bu barada anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde aýdyldy. Mejlise türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy.Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy 1-nji noýabryndan başlap zähmet rugsadyna çykar. Bu barada anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde aýdyldy. Mejlise türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy.
Çeşme: tdh.gov.tm

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy 1-nji noýabryndan başlap zähmet rugsadyna çykar. Bu barada anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde aýdyldy. Mejlise türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Sentýabr aýynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi ýokary derejede geçirildi şeýle-de ýakynda dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ýokary baha berlen, türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara forumy geçirildi.

“Türkmenistanyň Halk Maslahaty bu çärelere taýýarlyk görmek we ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk tarapdan köp işleri alyp bardy. Şu nukdaýnazardan türkmen halkynyň Milli Lideri ýokardaky agzalan çärelere taýýarlyk görmek bilen bagly awgust aýynda zähmet rugsadyny almandygy sebäpli, 1-nji noýabrdan zähmet rugsadyna çykmak barada Türkmenistanyň Prezidentine ýüzlendi” diýip, TDH habar berýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň şu ýylyň 1-nji noýabryndan başlap zähmet rugsadyna çykmagy bilen bagly meseläni goldady diýip, maglumatda aýdylýar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026