HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we Meksika syýasy geňeşmeleri mehanizmini işe girizýärler: Aşgabat özüne çagyrdy

Oktýabr 25, 2024 | 23:10 |9020
24-nji oktýabrda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistan bilen Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda ilkinji syýasy geňeşmeleri geçirildi. Çärä iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň düzüm bölümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.24-nji oktýabrda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistan bilen Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda ilkinji syýasy geňeşmeleri geçirildi. Çärä iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň düzüm bölümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Çeşme: orient.tm

24-nji oktýabrda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistan bilen Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda ilkinji syýasy geňeşmeleri geçirildi. Çärä iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň düzüm bölümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Gün tertibine meseleleriň giň toplumy, şol sanda energetika, söwda, ykdysadyýet, oba hojalygy, bilim, medeniýet we sport ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak girizildi. Halkara düzümleriniň, hususan-da BMG-niň çäklerindäki özara gatnaşyklara aýratyn üns berildi.

Geňeşmeleriň dowamynda Söwda-ykdysady ugurdaky hyzmatdaşlygyň meseleleri barada durup geçmek bilen, taraplar işewür düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçiliklerine garadylar. Şeýle hem, medeni alyşmalaryň meseleleri, şol sanda bilelikdäki maksatnamalary durmuşa geçirmek we çäreleri guramak mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, DIM-iň metbugat gullugy habar berýär.

Söhbetdeşler ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň – Türkmenistanyň DIM-iň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Meksikanyň DIM-iň ýanyndaky Matias Romero adyndaky diplomatik gözlegleri institutynyň arasynda gatnaşyklary ýola goýmagyň möhümdigini aýratyn nygtadylar nygtadylar. Mundan başga-da ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklaryny ýola goýmagyň ähmiýetine ünsi çekdiler.

Indiki syýasy geňeşmeleri 2025-nji ýylda ýylda Aşgabatda geçirmek teklip edildi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

23:26 Sentýabr 26, 2026
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

23:00 Sentýabr 26, 2026
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

18:00 Sentýabr 26, 2026