HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Medeni we ykdysady taýdan ýakynlaşma: Gazagystan we Türkmenistan bilelikde abadançylyga tarap

Oktýabr 25, 2024 | 20:51 |8588
2023-nji ýylyň jemleri boýunça Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 28% ýokarlandy we ýarym milliard dollardan geçdi. Oňyn ösüş şu ýyl saklanýar diýip, Gazagystanyň Aşgabatdaky ilçisi Nurlan Nogaýew 25-nji oktýabrda Gazagystanda bellenilýän milli baýramçylyk – Respublikan güni bilen mynasybetli anna güni Türkmenistanyň merkezi metbugatynda çap eden makalasynda belläp geçdi2023-nji ýylyň jemleri boýunça Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 28% ýokarlandy we ýarym milliard dollardan geçdi. Oňyn ösüş şu ýyl saklanýar diýip, Gazagystanyň Aşgabatdaky ilçisi Nurlan Nogaýew 25-nji oktýabrda Gazagystanda bellenilýän milli baýramçylyk – Respublikan güni bilen mynasybetli anna güni Türkmenistanyň merkezi metbugatynda çap eden makalasynda belläp geçdi
Çeşme: Gazagystanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan üpjün edildi

2023-nji ýylyň jemleri boýunça Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 28% ýokarlandy we ýarym milliard dollardan geçdi. Oňyn ösüş şu ýyl saklanýar diýip, Gazagystanyň Aşgabatdaky ilçisi Nurlan Nogaýew 25-nji oktýabrda Gazagystanda bellenilýän milli baýramçylyk – Respublikan güni bilen mynasybetli anna güni Türkmenistanyň merkezi metbugatynda çap eden makalasynda belläp geçdi.

“Ikitaraplaýyn gün tertibiň ähli ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeltmek we çuňlaşdyrmak, şeýle hem bar bolan gatnaşyklary has ýokary derejä çykarmak üçin mümkinçilikler bar” – diýip, diplomat nygtady.

Makalada ýokary derejeli ynyň yzygiderli geçirilýändigi aýdylýar. 2022-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary boldy. 2024-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň Türkmenistana resmi sapary boldy.

Ýokary derejede gazanylan ylalaşyklar, ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-gazak toparynyň üstünlikli işi netijesinde durmuşa geçirilýär, ýagny nobatdaky mejlisi şu ýylyň 2-nji oktýabrynda Aşgabatda geçirildi.

Nurlan Nogaýew, 2024-nji ýylda medeniýet pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda möhüm wakalaryň bolandygyny aýtdy. Maý aýynda, dürli ýurtlardan we döwürlerden dünýä belli ýazyjylaryň we şahyrlaryň 24 heýkelini birleşdirýän Aşgabadyň täze medeni-seýilgäh toplumynda, türkmen tarapynyň başlangyjy bilen beýik gazak kompozitory, dombralar üçin pýesalaryň awtory Kurmangazy Sagyrbaýuly ýadygärligi oturdyldy.

Iýul aýynda Astananyň merkezinde görnükli türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi dabaraly ýagdaýda açyldy. Gazagystanyň döwlet ýolbaşçysynyň Türkmenistana eden saparynyň çäginde gazak halkynyň görnükli şahyry we akyldary Abaý Kunanbaýewiň ýadygärligi Aşgabat şäherindäki ajaýyp “Laçyn” seýilgähinde dabaraly ýagdaýda açyldy.

Ilçiniň pikirine görä, möhüm wakalardan biri, şu ýylda biziň ýurtlarymyzyň medeni günleri – 25-27-nji iýunda Gazagystanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri we 7-9-njy oktýabr aralygynda Türkmenistanda Gazagystanyň Medeniýet günleri geçirildi.

Şeýle hem, Mangistau sebitiniň aýdym-saz we drama teatrynyň döredijilik toparynyň 18-20-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda geçirilen TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň II teatr festiwalyna işjeň gatnaşandygyny, şeýle- hem Türkmenistanyň teatr wekilleriniň 6-12-nji noýabrda Şymkentde geçiriljek Merkezi Aziýa döwletleriniň IX halkara teatr festiwalyna gatnaşjakdygyny belledi.

“Hoşniýetli goňşuçylyk hyzmatdaşlygy we doganlyk halklarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklarynyň däpleriniň ýokary depginde giňelmegini we güýçlenmegini dowam etjekdigine ynanýaryn” – diýip, Ilçi sözüni jemledi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Yrak: 30-njy sentýabr — ABŞ goşunlarynyň çykarylmagy üçin ahyrky möhlet

Yrak: 30-njy sentýabr — ABŞ goşunlarynyň çykarylmagy üçin ahyrky möhlet

20:00 Awgust 13, 2026
Ärdogan bilen Abbas Ankarada duşuşdy

Ärdogan bilen Abbas Ankarada duşuşdy

18:00 Awgust 13, 2026
Awstriýa daýhanlar üçin dizel ýangyjyna döwlet subsidiýalaryny girizýär we bazar mehanizmlerinden ýüz öwürýär

Awstriýa daýhanlar üçin dizel ýangyjyna döwlet subsidiýalaryny girizýär we bazar mehanizmlerinden ýüz öwürýär

16:00 Awgust 13, 2026