HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen ilçisi Kiýewde Ukrainanyň Şäheri sosial-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ylmy-barlag instituty” ylmy-barlag edarasynyň direktory bilen duşuşdy

Oktýabr 25, 2024 | 15:31 |8169
2024-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda ilçi T.Ataýewiň “Şäheri sosial-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ylmy-barlag instituty” ylmy-barlag edarasynyň direktory Sergeý Pawlowskiý bilen duşuşygy geçirildi. “Şäheri sosial-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ylmy-barlag instituty” ylmy-barlag edarasy Kiýew şäheriniň Geňeşiniň we Kiýew şäheriniň döwlet administrasiýasynyň düzüminde esasy ylmy-barlag edara bolup, ol Ukrainanyň paýtagtyny sosial-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ykdysady, informatika we sosiologiýa ugurlary boýunça ylmy-barlag işlerini geçirýär.2024-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda ilçi T.Ataýewiň “Şäheri sosial-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ylmy-barlag instituty” ylmy-barlag edarasynyň direktory Sergeý Pawlowskiý bilen duşuşygy geçirildi. “Şäheri sosial-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ylmy-barlag instituty” ylmy-barlag edarasy Kiýew şäheriniň Geňeşiniň we Kiýew şäheriniň döwlet administrasiýasynyň düzüminde esasy ylmy-barlag edara bolup, ol Ukrainanyň paýtagtyny sosial-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ykdysady, informatika we sosiologiýa ugurlary boýunça ylmy-barlag işlerini geçirýär.
Çeşme: Türkmenistanyň Ukraindaky ilçihanasy tarapyndan berildi

2024-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda ilçi T.Ataýewiň “Şäheri sosial-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ylmy-barlag instituty” ylmy-barlag edarasynyň direktory Sergeý Pawlowskiý bilen duşuşygy geçirildi. “Şäheri sosial-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ylmy-barlag instituty” ylmy-barlag edarasy Kiýew şäheriniň Geňeşiniň we Kiýew şäheriniň döwlet administrasiýasynyň düzüminde esasy ylmy-barlag edara bolup, ol Ukrainanyň paýtagtyny sosial-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ykdysady, informatika we sosiologiýa ugurlary boýunça ylmy-barlag işlerini geçirýär.

S.Pawlowskiý bu institutyň alyp barýan işi barada aýdyp, Ukrainadaky ähli ýokary okuw jaýlaryndan hünärmenleri bir ýere jemlemek arkaly şäheri ösdürmek maksady bilen ylmy nukdaýnazardan çemeleşmeleri alyp barýandygyny habar berdi. Şeýle hem, Ukrainanyň ýokary okuw jaýlarynda şäheri ösdüriş fakultetlerini döretmek boýunça teklipleriň üstünde hem işlenilýändigini mälim etdi.

Agzalanlar bilen baglylykda, direktor Türkmenistanyň şäher ösdüriş edaralary we bu ugurda ýöriteleşdirilen ýokary okuw jaýlary bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny, hem-de olaryň wekillerini özleri tarapyndan guralýan maslahatlaryna we çärelere gatnaşmaga çagyrdy.

Ilçi T.Ataýew Aşgabat şäherini yzygiderli ösdürmäge we halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi barada maglumatlary ukrain tarapyna ýetirdi. Bu ugurda paýtagtymyzda medeni-durmuş, önümçilik maksatlary desgalaryň sanynyň yzygiderli artdyrylýandygy we ýakynda gurlup ulanylmaga berlen durmuş maksatlary desgalaryň üstüniň täze saglygy goraýyş desgalary bilen doldurylandygyny barada hem bellenildi.

Şeýle hem, ýurdumyzda “akylly” şäher konsepsiýasyna laýyklykda döredilen Arkadag şäheri barada gürrüň berildi, hem-de onuň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň alnyp barylýandygy bellenildi. Bu şäherde ekologiýa taýdan arassa inženerçilik ulgamlary giňden ornaşdylyp, dürli maksatly desgalar yzygiderli gurulýandygyny hem aýdyldy.

Duşuşygyň netijesi boýunça taraplar bu ugurda iki ýurduň we olaryň paýtagtlarynyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça gepleşikleri işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirdiler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Aşgabat saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň halkara bilermenlerini bir ýere jemlär

Aşgabat saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynyň halkara bilermenlerini bir ýere jemlär

09:05 Awgust 12, 2026
Himiki önümleri we kömekçi materiallary satyn almak boýunça halkara tender

Himiki önümleri we kömekçi materiallary satyn almak boýunça halkara tender

20:30 Awgust 11, 2026
Stambulda 37-nji UNICERA Halkara keramika we aşhana enjamlary sergisi geçiriler

Stambulda 37-nji UNICERA Halkara keramika we aşhana enjamlary sergisi geçiriler

18:23 Awgust 11, 2026