HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Oktýabr 25, 2024 | 09:00 |599
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe we ýurduň doganlyk halkyna milli baýram — Respublika güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny iberdiHormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe we ýurduň doganlyk halkyna milli baýram — Respublika güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny iberdi
Çeşme: depositphotos.com

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe we ýurduň doganlyk halkyna milli baýram — Respublika güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny iberdi.

«Häzirki döwürde türkmen-gazak gatnaşyklary örän giň ugurlar boýunça depginli ösdürilýär. Ýokary döwlet derejesinde emele gelen açyk, aýan we dostlukly gatnaşyklar, gürrüňsiz, bu ýagdaýyň esasy şerti bolup durýar. Siziň bilen geçirýän, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, sebit we halkara ýagdaýlaryň meseleleri ara alyp maslahatlaşylýan yzygiderli duşuşyklarymyz Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky we beýleki möhüm ugurlardaky gatnaşyklarymyzy mundan beýläk-de ösdürmek üçin berk syýasy esasa öwrüldi» diýip, hormatly Prezidentimiz hatynda belleýär.

Döwlet Baştutanymyz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri, Gazagystan Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

20:26 Oktýabr 26, 2026
Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

19:00 Oktýabr 26, 2026