HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

14 ˗ 16-njy noýabry aralygynda «Türkmentel – 2024» atly halkara sergisi we ylmy maslahaty geçiriler

Oktýabr 24, 2024 | 15:46 |8704
«Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy 2024-nji ýylyň 14 - 16-njy noýabry aralygynda Aşgabat şäherinde Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel – 2024» atly XVII halkara sergisini we ylmy maslahatyny geçirýär.«Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy 2024-nji ýylyň 14 - 16-njy noýabry aralygynda Aşgabat şäherinde Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel – 2024» atly XVII halkara sergisini we ylmy maslahatyny geçirýär.
Çeşme: orient.tm

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy 2024-nji ýylyň 14 - 16-njy noýabry aralygynda Aşgabat şäherinde Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel – 2024» atly XVII halkara sergisini we ylmy maslahatyny geçirýär.

Forumy guraýjy topar Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralaryň bilermenlerini hem-de hünärmenlerini, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny, türkmen işewürlerini şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini halkara foruma gatnaşmaga çagyrýar.

Halkara forum tehnologiýalar ulgamyndaky iň uly çäreleriň biri bolup, ýurdumyzyň we düýäniň ençeme döwletleriniň innowasiýalar, «akylly» tilsimatlar we telekommunikasiýa ugry boýunça gazanan üstünliklerini görkezer. Emeli aňyň barha giň täsire eýe bolandygy nazara alnyp, emeli aň tehnologiýasynyň ösüşi babatynda tejribeler we pikirler ara alnyp maslahatlaşylar. Forumyň çäklerinde täze sanly taslamalar hödürlener. Işewürlik hyzmatdaşlyklary ýola goýlup, şertnamalar baglaşylar.

IT-tehnologiýalaryndan baş alyp çykýan türkmen hünärmenleri tarapyndan işlenip düzülen täze sanly çözgütleriň netijeleri yglan edilip, «Sanly çözgüt - 2024» atly innowasion taslamalarynyň bäsleşiginde ýeňiş gazanan ýaşlar gymmat bahaly sowgatlar we Hormat hatlary bilen sylaglanar.

Sergi Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolynyň 143-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

44-90-99/91-99;

39-88-70;

39-88-81/82/83.

E-mail salgylary: techdep@telecom.tm

dfap@mincom.gov.tm

mincom@telecom.tm

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

01:02 Awgust 26, 2026
Meksikaly professor Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin okuw maslahatlaryny geçirdi

Meksikaly professor Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin okuw maslahatlaryny geçirdi

01:00 Awgust 26, 2026
Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

00:06 Awgust 26, 2026