HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Belarus Respublikasynyň prezident saýlawlary 2025-nji ýylyň 26-njy ýanwaryna bellenildi

Oktýabr 23, 2024 | 14:23 |24738
Belarus Respublikasynyň prezident saýlawlary 2025-nji ýylyň 26-njy ýanwaryna bellenildi diýip, BELTA habar berýär.Belarus Respublikasynyň prezident saýlawlary 2025-nji ýylyň 26-njy ýanwaryna bellenildi diýip, BELTA habar berýär.
Çeşme: belta.by

Belarus Respublikasynyň prezident saýlawlary 2025-nji ýylyň 26-njy ýanwaryna bellenildi diýip, BELTA habar berýär.

Bu çözgüt Wekiller Palatasynyň mejlisinde kabul edildi.

Respublikanyň Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Igor Karpenkonyň habar bermegine görä, Belarus Respublikasynyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasyna, Saýlaw kodeksiniň 56-njy maddasyna laýyklykda Belarus Respublikasynyň prezident saýlawlary Wekiller Palatasy tarapyndan bäş aý möhletinden az bolmadyk döwürde bellenilýär hem-de öňki prezidentiň ygtyýarlyklarynyň möhletiniň tamamlanmagyna iki aýdan az bolmadyk döwür galanda ýekşenbe güni geçirilýär.

Belarus Respublikasynyň Konstitusiýasynyň 83-nji maddasyna laýyklykda prezident kasam kabul edenden soňra öz wezipesine girişýär. Täze saýlanan prezident tarapyndan kasam berlen pursatyndan başlap, öňki prezidentiň ygtyýarlyklary ýatyrylýar.

“Häzirki döwlet baştutanyň inaugurasiýasy (wezipä girişmek dabarasy) 2020-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda geçirildi. Muňa laýyklykda nobatdaky prezident saýlawlary 2025-nji ýylyň 20-nji iýulyndan gijä galman geçirilmeli” – diýip, Igor Karpenko Esasy kanunyň saýlawlary möhletden ir geçirmäge rugsat berýändigini, emma bellenen möhletden soň geçirmegi gadagan edýändigini belledi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

23:00 Sentýabr 16, 2026
IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

21:00 Sentýabr 16, 2026
Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

20:52 Sentýabr 16, 2026