HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ermenistanyň Ilçisi Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýar

Oktýabr 22, 2024 | 17:45 |7427
22-nji oktýabrda, şişenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ruben Harazýan bilen duşuşyk geçirdi.22-nji oktýabrda, şişenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ruben Harazýan bilen duşuşyk geçirdi.
Çeşme: mfa.gov.tm

22-nji oktýabrda, şişenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistandaky diplomatik işini tamamlaýan Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ruben Harazýan bilen duşuşyk geçirdi.

Diplomatlar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça türkmen-ermeni hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi dogrusynda pikir alşyldy. Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga goşan goşandy üçin Ilçä sagbolsun aýtdy we geljekki işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Öz gezeginde Ilçi Türkmenistanda diplomatik wezipesini durmuşa geçirmekde berilen hemmetaraplaýyn goldaw we ýardam üçin türkmen tarapyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi diýip, DIM-iň metbugat beýanatynda aýdylýar. Ruben Harazýan, Ermenistanyň Aşgabatdaky ilçihanasyna 2021-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri üç ýyl ýolbaşçylyk etdi.

22102024-posol-armenii-v-turkmenistane- (1).jpg

Ermenistan Respublikasy bilen Türkmenistan arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda ýola goýuldy. Ermenistanyň Aşgabatdaky ilçihanasy 1994-nji ýylda, Ýewandaky Türkmenistanyň ilçihanasy 2000-nji ýylda açyldy. Ermenistan Daşary işler ministrliginiň habaryna görä, 2000-nji ýyldan 2023-nji ýyla çenli iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy bäş esse ýokarlandy we 18,2 million ABŞ dollaryna deň boldy (2023-nji ýylyň ýanwar-oktýabr aýlary aralygynda). Türkmenistan Ermenistana çig magdan önümleri, plastmassa, rezin, trikotaž önümleri eksport, hem-de gymmat bahaly önümler we taýýar azyk önümlerini import edilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

23:26 Sentýabr 26, 2026
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

23:00 Sentýabr 26, 2026
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

18:00 Sentýabr 26, 2026