HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we IAEA 2024-2029-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly meýilnamasyny işläp düzýär

Oktýabr 22, 2024 | 00:30 |11481
21-nji oktýabrda, duşenbe güni, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Halkara Atom Energiýasy Agentligiň (IAEA) Türkmenistanyň 2024-2029-njy ýyllar üçin Çarçuwaly meýilnamasyny işläp düzmek boýunça iş toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.21-nji oktýabrda, duşenbe güni, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Halkara Atom Energiýasy Agentligiň (IAEA) Türkmenistanyň 2024-2029-njy ýyllar üçin Çarçuwaly meýilnamasyny işläp düzmek boýunça iş toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Çeşme: iaea.org

21-nji oktýabrda, duşenbe güni, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Halkara Atom Energiýasy Agentligiň (IAEA) Türkmenistanyň 2024-2029-njy ýyllar üçin Çarçuwaly meýilnamasyny işläp düzmek boýunça iş toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Mejlise wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly IAEA-nyň Tehniki hyzmatdaşlyk departamentiniň Ýewropa bölüminiň meýilnamalary dolandyrmak boýunça işgäri Emine Aliç hem gatnaşdy diýip, DIM-niň metbugat gullugynyň habarynda aýdylýar.

Taraplar Türkmenistan bilen IAEA-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary dogrusynda pikir alyşdylar hem-de atom energiýasynyň lukmançylyk, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak we suw serişdelerini dolandyrmak ýaly ugurlarda parahatçylykly maksatlar üçin peýdalanylmagyna aýratyn üns berildi.

Lukmançylyk, hususan-da onkologiýa kesellerine garşy göreşmek ugrundaky hyzmatdaşlyk ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, bilelikde ýerine ýetirilýän işlere gözegçilik etmek üçin Türkmenistanda durmuşa geçirilýän IAEA-nyň ImPACT maksatnamasy bellenildi.

Rak keselini anyklamakda we bejermekde ýadro tehnologiýasy möhüm rol oýnaýar. IAEA ýadro lukmançylygy we şöhleli bejeriş tehnologiýalaryny ornaşdyrmakda uly tehniki mümkinçilik we tejribe gazandy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
«Medeniýet we Syýahat» žurnaly Gadymy Merwe syýahat guraýar

«Medeniýet we Syýahat» žurnaly Gadymy Merwe syýahat guraýar

22:17 Awgust 15, 2026
Aşgabatda mekdep üçin zerur zatlaryň hemmesini nireden satyn almaly: «Atlas» kanselýariýa harytlaryna onlaýn sargyt hyzmatyny işe girizdi

Aşgabatda mekdep üçin zerur zatlaryň hemmesini nireden satyn almaly: «Atlas» kanselýariýa harytlaryna onlaýn sargyt hyzmatyny işe girizdi

22:10 Awgust 15, 2026
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp anna güni Ormuz bogazyny tiz wagtdan ABŞ-nyň çägi diýip yglan etjekdigini aýtdy

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp anna güni Ormuz bogazyny tiz wagtdan ABŞ-nyň çägi diýip yglan etjekdigini aýtdy

21:00 Awgust 15, 2026