HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda türkmen-eýran bilelikdäki syýahatçylyk festiwaly başlanar

Oktýabr 22, 2024 | 11:00 |8005
Festiwal 16: 00-da Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergi zalynda açylyş dabarasy bilen başlanar.Festiwal 16: 00-da Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergi zalynda açylyş dabarasy bilen başlanar.
Çeşme: TDH

Şu gün, 22-nji oktýabrda, Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini ösdürmäge gönükdirilen Aşgabatda ikinji türkmen-eýran syýahatçylyk festiwaly başlanar. 24-nji oktýabra çenli dowam etjek ähiýetli çäre ýurtlaryň arasyndaky medeni we ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ädim bolar.

Festiwalyň açylyşy we sergi

Festiwal 16: 00-da Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergi zalynda açylyş dabarasy bilen başlanar. Sergide Eýranyň syýahatçylyk kompaniýalarynyň mümkinçilikleri hem-de eýranly suratkeşleriniň işleri ýaýbaňlandyrylar. Türkmen syýahatçylyk kompaniýalary we suratkeşleriniň işleri hem serginiň möhüm bölegine öwrülerler. Isleg bildirýän raýatlarymyz 18: 00-a çenli sergä baryp bilerler.

Konferensiýa we iş ýygnaklary

23-nji oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda syýahatçylygy we hyzmatdaşlygy ösdürmäge bagyşlanan konferensiýa geçiriler. Iki ýurduň bu pudakda zähmet çekýän wekilleriniň we esasy syýahatçylyk kompaniýalarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Medeni maksatnama

23-nji oktýabrda sagat 18: 00-da Eýranyň “Sýämaa” döredijilik topary «Watan» kinokonsert merkezinde çykyş eder. Şol ýerde hem, ertesi gün 24-nji oktýabrda Türkmenistan bilen Eýranyň aýdym-saz toparlarynyň bilelikdäki çykyşy bolar. Ikinji türkmen-eýran syýahatçylyk festiwaly iki ýurt üçin möhüm bolup, syýahatçylyk we medeniýet pudagynda täze başlangyçlary ýola goýmak üçin ajaýyp mümkinçilik bolar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
«Medeniýet we Syýahat» žurnaly Gadymy Merwe syýahat guraýar

«Medeniýet we Syýahat» žurnaly Gadymy Merwe syýahat guraýar

22:17 Awgust 15, 2026
Aşgabatda mekdep üçin zerur zatlaryň hemmesini nireden satyn almaly: «Atlas» kanselýariýa harytlaryna onlaýn sargyt hyzmatyny işe girizdi

Aşgabatda mekdep üçin zerur zatlaryň hemmesini nireden satyn almaly: «Atlas» kanselýariýa harytlaryna onlaýn sargyt hyzmatyny işe girizdi

22:10 Awgust 15, 2026
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp anna güni Ormuz bogazyny tiz wagtdan ABŞ-nyň çägi diýip yglan etjekdigini aýtdy

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp anna güni Ormuz bogazyny tiz wagtdan ABŞ-nyň çägi diýip yglan etjekdigini aýtdy

21:00 Awgust 15, 2026