HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Ýewropa Aýy we Marsy ykjam aragatnaşyk we nawigasiýa bilen üpjün eder

Oktýabr 21, 2024 | 10:56 |8443
Ýewropada ykjam aragatnaşyk we nawigasiýa ulgamy dörediler. “Aý yşygy” (Moonlight) atly degişli maksatnama Milanda Ýewropa älem agentligi tarapyndan girizildi.Ýewropada ykjam aragatnaşyk we nawigasiýa ulgamy dörediler. “Aý yşygy” (Moonlight) atly degişli maksatnama Milanda Ýewropa älem agentligi tarapyndan girizildi.
Çeşme: 3dnews.ru

Ýewropada ykjam aragatnaşyk we nawigasiýa ulgamy dörediler. “Aý yşygy” (Moonlight) atly degişli maksatnama Milanda Ýewropa älem agentligi tarapyndan girizildi.

Onuň maksady – Aýda, soňra bolsa Marsda ykjam aragatnaşyk we nawigasiýa ulgamyny üpjün etmek. Şeýlelikde, bu işler üçin Aý gapdalyndaky orbitada bäş sany hemra-retranslýator toparçasy dörediler. Hyzmatlar döwlet we hususy kompaniýalara hödürlener.

Taslamanyň ilkinji hemrasy 2026-njy ýylda goýberilip, hyzmatlar bolsa 2028-nji ýylda elýeterli bolar. Hususan-da, Lunar Pathfinder hemra-retranslýatory ilkinji bolup goýberiler, onuň önümçiligini Surrey Satellite Technology Ltd (SSTL) kompaniýasy ýerine ýetirer.

Geljek 20 ýylyň dowamynda 400-den gowrak aý goýberişleriň amala aşyryljakdygyna garaşylýar, we olaryň her birisine Ýerdäki we Aý gapdalyndaky orbitada ýerleşýän stansiýalar bilen aragatnaşyk zerur bolar.

Milanda maksatnamanyň döredilmegi baradaky Ylalaşyga gol çekmek dabarasynda Ýewropa älem agentliginiň Baş direktory Ýozef Aşbaher agentligiň söwda aý bazarynyň geljegini, häzirki we geljekdäki aý goýberişleri goldamak babatda aýgytly ädim edýändigini belledi. Şeýle-de, ol mundan belýäk köpsanly kompaniýalar we döwlet edaralary enjamlar üçin serişde tygşytlap aragatnaşyk barada pikir etmeli bolmazlar diýip aýtdy.

ESA-dan başga-da, Moolight maksatnamasyna NASA, JAXA we dünýäniň köpsanly kompaniýalary gatnaşýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Metan zyňyndylaryny azaltmak we gämi gurluşygy – Türkmenistanyň we Niderlandlaryň hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde

Metan zyňyndylaryny azaltmak we gämi gurluşygy – Türkmenistanyň we Niderlandlaryň hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde

18:00 Sentýabr 06, 2026
Gaagada Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

Gaagada Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

17:45 Sentýabr 06, 2026
Ahal welaýatynyň uzakdaky obalarynyň ýaşaýjylary döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryna eýe boldular

Ahal welaýatynyň uzakdaky obalarynyň ýaşaýjylary döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryna eýe boldular

17:41 Sentýabr 06, 2026