HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň futzal boýunça zenanlar ýygyndysynyň Aziýanyň kubogynyň saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy

Oktýabr 18, 2024 | 13:00 |8900
Bije çekişligiň netijesinde türkmen ýygyndysy «C» toparçada düşdi. Bu toparçada Türkmenistanly futzalçy zenanlardan başga-da, ýer eýeleriniň ― Özbegistanyň, Awstraliýanyň, Filippinleriň we Kuweýtiň ýygyndylary bar.Bije çekişligiň netijesinde türkmen ýygyndysy «C» toparçada düşdi. Bu toparçada Türkmenistanly futzalçy zenanlardan başga-da, ýer eýeleriniň ― Özbegistanyň, Awstraliýanyň, Filippinleriň we Kuweýtiň ýygyndylary bar.
Çeşme: www.tff.com.tm

17-nji oktýabrda Türkmenistanyň futzal boýunça zenanlar ýygyndysy 2025-nji ýylda maý aýynda Hytaý Halk Respublikasynda geçiriljek Aziýa kubogynyň saýlama tapgyryndaky topardaşlaryny öwrendi. Bije çekişlik AFK-nyň Kuala-Lumpur şäherindäki (Malaýziýa) ştab-kwartirasynda geçirildi. Bije çekişlige 19 ýygyndy gatnaşdy.

Bije çekişligiň netijesinde türkmen ýygyndysy «C» toparçada düşdi. Bu toparçada Türkmenistanly futzalçy zenanlardan başga-da, toparçanyň ýer eýesi bolan ― Özbegistanyň, Awstraliýanyň, Filippinleriň we Kuweýtiň ýygyndylary bar.

Bije çekişligiň netijesinde aşakdaky toparçalar emele geldi:

«A» toparça: Tailand (ýer eýeleri), Liwan, Bahreýn, Palestina, Yrak;
«B» toparça: Indoneziýa (ý.e.), Gonkong, Pakistan, Hindistan, Gyrgyzystan;
«C» toparça: Özbegistan (ý.e.), TÜRKMENISTAN, Awstraliýa, Filippinler, Kuweýt;
«D» toparça: Wýetnam, Taýwan, Makao, Mýanma (ý.e.).

Saýlama tapgyryň duşuşyklary geljek ýylyň 11 ― 19-njy ýanwary aralygynda merkezleşdirilen görnüşde geçiriler. Bu duşuşyklaryň netijesinde her toparçada öňdäki iki orny eýelän we üçünji orny eýelänleriň hem iň gowy ýygyndysy yklym ýaryşynyň final tapgyryna gatnaşar. Hytaý ýer eýesi hökmünde, Eýran bilen Ýaponiýa bolsa 2018-nji ýyldaky yklym ýaryşynyň finalçylary hökmünde saýlama duşuşyklara gatnaşmaýar.

Mundan ozal 2015-nji we 2018-nji ýyllarda geçirilen yklym ýaryşlarynyň ikisinde hem Eýranyň ýygyndysy çempion bolupdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

Azerbaýjan ykdysadyýet, energetika we gümrük ulgamynda Türkmenistan bilen gazanylan ylalaşyklaryň toplumyny tassyklady

01:02 Awgust 26, 2026
Meksikaly professor Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin okuw maslahatlaryny geçirdi

Meksikaly professor Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary üçin okuw maslahatlaryny geçirdi

01:00 Awgust 26, 2026
Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

00:06 Awgust 26, 2026