HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Тürki döwletleriň suratkeşleriniň sergisi: geçiriljek ýeri we başlanýan wagty belli boldy

Oktýabr 17, 2024 | 16:25 |6553
2024-nji ýylyň oktýabr aýynyň 20-ne Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde sergi gurnalar.2024-nji ýylyň oktýabr aýynyň 20-ne Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde sergi gurnalar.
Çeşme: orient.tm

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň oktýabr aýynda gurnaljak Türki medeniýetiniň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwalynyň çäklerinde 2024-nji ýylyň 17-20-i aralygynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde türki döwletleriň suratkeşleriniň döredijilik duşuşygy geçirilýär.

Bu Halkara duşuşyga Azerbaýjan, Türkiýe, Özbegistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, hem-de Türkmenistan döwletimizden – Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalary gatnaşyp, Änew medeniýetini we onuň taryhy ýadygärliklerini wasp edýän nakgaşlyk eserlerini dörederler.

Duşuşygyň netijesinde, has takygy 2024-nji ýylyň oktýabr aýynyň 20-ne Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde sergi gurnalyp, onda duşuşygyň dowamynda döredilen eserler halk köpçüligine ýetiriler. Serginiň başlanýan wagty 14:00.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

Pakistanyň ilçisi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

23:26 Sentýabr 26, 2026
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygynyň baýramy

23:00 Sentýabr 26, 2026
ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

ABŞ-nyň Federal ätiýaçlyk ulgamynyň syýasatyny berkitmegine garaşylýan şertlerde Ýaponiýanyň döwlet obligasiýalarynyň girdejililigi 1996-njy ýyldan bäri iň ýokary derejä ýetdi

18:00 Sentýabr 26, 2026