HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Özbegistan Älem baradaky halkara ylalaşyga goşuldy

Oktýabr 16, 2024 | 10:58 |11512
Bu resminama 1966-njy ýylyň 19-njy dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen kabul edilip, 1967-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Londonda, Moskwada we Waşingtonda oňa gol çekildi. Şu günki güne çenli bu Resminama 114 ýurt goşulyşdy.Bu resminama 1966-njy ýylyň 19-njy dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen kabul edilip, 1967-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Londonda, Moskwada we Waşingtonda oňa gol çekildi. Şu günki güne çenli bu Resminama 114 ýurt goşulyşdy.
Çeşme: gazeta.uz

Özbegistan älemi, şol sanda Aýy we beýleki asman jisimlerini ulanmak we öwrenmek boýunça döwletleriň işiniň ýörelgeleri baradaky Halkara ylalaşyga goşuldy.

Bu Ylalaşygy tassyklamak baradaky Kanuna Respublikanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew 10-njy oktýabrda gol çekdi diýip, gazeta.uz habar berýär.

Bu resminama 1966-njy ýylyň 19-njy dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen kabul edilip, 1967-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Londonda, Moskwada we Waşingtonda oňa gol çekildi. Şu günki güne çenli bu Resminama 114 ýurt goşulyşdy.

Oliý Majlisiň kanunçykaryjy palatasy 2-nji iýulda Kanuny kabul edip, ol 15-nji awgustda Senat tarapyndan tassyklanyldy.

“Uzbekkosmos” Agentliginiň Baş direktory Şuhrat Kadirow Ylalaşygyň tassyklanylmagy Özbegistana halkara älem taslamalaryna we barlaglaryna gatnaşmaga, şeýle-de beýleki ýurtlar bilen serişde we bilim alyşmaga mümkinçilik berjekdigini belledi.

Şeýle-de bu Ylalaşyk Özbegistanyň älem baradaky hukuk ulgamynyň ösdürilmegine şert döreder.

Älem barada Ylalaşyk

Älem barada Ylalaşykda älem giňişliginiň öwrenilmegi we ulanylmagy ykdysady we ylmy ösüşiniň derejesine garamazdan ähli ýurtlaryň bähbidine amala aşyrylýandygy hem-de tutuş adamzadyň gazanany hasaplanylýandygy barada bellenilýär. Älem we asman jisimleri ne olara bolan özygtyýarlylygy yglan edilmegine, ne olaryň ulanylmagyna we eýelenilmegine, ne-de islendik beýleki serişdeler bilen milli eýeçilige geçirilmegine degişli däldir.

Ylalaşyga gatnaşyjy-ýurtlar älem giňişligini halkara hukugyna, şol sanda BMG-niň Düzgünnamasyna laýyklykda, halkara parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň hem-de halkara hyzmatdaşlygy we özara düşünişmegi ösdürmegiň bähbidine ulanmak we öwrenmek boýunça işi alyp barmaga borçlanýarlar.

Gatnaşyjy-ýurtlar Ýer şarynyň daşyndaky orbita ýader ýaragly ýa-da köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň islendik beýleki görnüşleri bilen çykmazlyga, asman jisimlerinde şeýle ýaraglaryň goýmazlygyna we älem giňişliginde şeýle ýaraglary beýleki usullar bilen ýerleşdirilmezlige borçlanýar.

Ylalaşyga gatnaşyjy-döwletler kosmonawtlara äleme ugradylan adamzadyň ilçileri hökmünde garap, Ylalaşyga gatnaşyjy-döwletiň çäginde ýa-da açyk deňizde heläkçiligiň, howpuň we mejbury gonmanyň netijesinde olara ählitaraplaýyn ýardam berýärler. Älemde işini amala aşyran wagtlarynda Ylalaşyga gatnaşyjy bir döwletiň kosmonawty beýleki gatnaşyjy-döwletleriň kosmonawtlaryna ýardam berýärler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

Stambulda enjamlaryň we furnituralaryň 10-njy Halkara sergisi geçiriler

00:06 Awgust 26, 2026
Özbegistanda yslam siwilizasiýasynyň mirasyna bagyşlanan halkara media-forumy geçiriler

Özbegistanda yslam siwilizasiýasynyň mirasyna bagyşlanan halkara media-forumy geçiriler

11:40 Awgust 25, 2026
Şahrisabz Bütindünýä senetçilik şäherleriniň hataryna goşuldy: «Iroki» keşdesiniň halkara ykrar edilmesi

Şahrisabz Bütindünýä senetçilik şäherleriniň hataryna goşuldy: «Iroki» keşdesiniň halkara ykrar edilmesi

11:29 Awgust 25, 2026