HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Magtymguly adyndaky TDU Italiýanyň Daşary ýurtlylar üçin Peruja uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy ýola goýar

Oktýabr 15, 2024 | 11:45 |8941
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Italiýanyň Daşary ýurtlylar üçin Peruja uniwersiteti bilen özara düşünişmek barada Ähtnama gol çekdi.Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Italiýanyň Daşary ýurtlylar üçin Peruja uniwersiteti bilen özara düşünişmek barada Ähtnama gol çekdi.
Çeşme: education.gov.tm

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti Italiýanyň Daşary ýurtlylar üçin Peruja uniwersiteti bilen özara düşünişmek barada Ähtnama gol çekdi.

Gol çekmek dabarasy Aşgabatda geçirildi.

Bu resminama daşary ýurt dillerini okatmagyň häzirki zaman usulyýetini girizmek we öňdebaryjy mugallymçylyk tejribesini ösdürmek boýunça taraplaryň hyzmatdaşlygyny; iki ýokary okuw mekdepleriniň arasynda özara gatnaşyklary ösdürmek, şol sanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek maksady bilen okuw meýilnamalaryň, maksatnamalaryň, okatmagyň usulyýetleriniň we ylmy-usuly gollanmalaryň, ylmy neşirleriň we okuw kitaplaryň alyş-çalyşyny göz öňünde tutýar. Ähtnama laýyklykda, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň haýyşy bilen Daşary ýurtlylar üçin Peruja uniwersiteti italýan dilini okatmak boýunça mugallymlary ugradar.

Daşary ýurtlylar üçin Peruja uniwersiteti Italiýanyň iň gadymy we abraýly uniwersitetleriniň biri hasaplanylýar. 1921-nji ýylda esaslandyrylan bu Uniwersitet ýörite daşary ýurtlylar üçin italýan diliniň we medeniýetiniň okadylmagyna bagyşlanan Italiýanyň ýeke-täk uniwersitetidir. Owadan Peruja şäherinde ýerleşen Uniwersitet daşary ýurtly talyplar üçin dil kurslaryndan italýan dili we medeniýeti boýunça dereje almak maksatnamalaryna çenli kurslaryň we maksatnamalarynyň giň görnüşlerini hödürleýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Melaniýa Tramp dünýä derejesindäki çagalar başlangyjyna tehnologiýa ägirtlerini we 57 ýurdy çekdi

Melaniýa Tramp dünýä derejesindäki çagalar başlangyjyna tehnologiýa ägirtlerini we 57 ýurdy çekdi

10:42 Sentýabr 24, 2026
Si Szinpin ABŞ-a döwlet sapary bilen geldi, ony Tramp garşylady

Si Szinpin ABŞ-a döwlet sapary bilen geldi, ony Tramp garşylady

07:00 Sentýabr 24, 2026
Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

Hytaý metbugat saparynyň gözi bilen — 1: Beýik Ýüpek ýolundan häzirki zaman dialogyna çenli

18:06 Sentýabr 23, 2026