HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda Russiýanyň Medeniýet günleri geçiriler

Oktýabr 08, 2024 | 23:45 |13000
Geljek hepde Aşgabatda boljak Russiýanyň Medeniýet günleriniň çäginde Mukamlar köşginde dürli çäreler meýilleşdirilýär.Geljek hepde Aşgabatda boljak Russiýanyň Medeniýet günleriniň çäginde Mukamlar köşginde dürli çäreler meýilleşdirilýär.
Çeşme: Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet ministrligi

Geljek hepde Aşgabatda boljak Russiýanyň Medeniýet günleriniň çäginde Mukamlar köşginde dürli çäreler meýilleşdirilýär.

Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet günleri 16-njy oktýabrda Adygeýanyň “Nalmes” Döwlet akademiki halk tans toparynyň konserti bilen açylar, bu maksatnamada gadymy “Islameý” tansyny, hanjar tansy, horegrafiki kompozisiýalar, halk saz gurallarynda popurri we şuňa meňzeşler bolar. Şol gün W.D.Polenow adyndaky Russiýanyň Döwlet halk döredijilik öýi tarapyndan taýýarlanan “Russiýanyň gurnama mozaikasy” sergisi görkeziler.

08102024-v-ashhabade-projdut-dni-kultury-rossii (2).jpg

16-njy we 17-nji oktýabrda P.I.Çaýkowskiý adyndaky XV Halkara bäsleşiginiň ýeňijisi we beýleki köp sanly rus we halkara ýaryşlarynyň ýeňijisi, Moskwanyň Döwlet akademiki filarmoniýasynyň solisti, pianinoçy Dmitriý Masleýew iki sany ussatlyk sapagyny geçirer.

17-nji oktýabrda çäreleriň tapgyry Mukamlar köşgünde geçiriljek “Pýotr Ilýiç Çaýkowskiniň ýubleýina tarap” atly nusgawy aýdym-saz konserti bilen dowam eder. Halkara ýaryşlaryň ýeňijisi Dmitriý Masleýew Pýotr Çaýkowskiniň we Sergeý Raçmaninowyň eserlerini ýerine ýetirer.

08102024-v-ashhabade-projdut-dni-kultury-rossii (3).jpg

Şeýle-de hem Adygeýa “Nalmes” Döwlet akademiki halk tans toparynyň solistleri tarapyndan ussatlyk sapagy we Pýotr Çaýkowskiniň doglan gününiň 225 ýyllygyna bagyşlanan “Çaýkowskiý planetasy” sergisiniň açylmagy meýilleşdirilýär. Sergi Russiýanyň Milli aýdym-saz muzeýi tarapyndan taýýarlandy diýip, RF Medeniýet ministrliginiň resmi web sahypasynda habar berilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Serbiýada talyplaryň goldaýan hereketi parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy: Wuçiç ýeňlişini boýun aldy

Serbiýada talyplaryň goldaýan hereketi parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy: Wuçiç ýeňlişini boýun aldy

23:45 Oktýabr 27, 2026
“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy

“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy

23:31 Oktýabr 27, 2026
Dohada Bütindünýä maýa goýum forumy açyldy: liderler halkara söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga çagyrdylar

Dohada Bütindünýä maýa goýum forumy açyldy: liderler halkara söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga çagyrdylar

23:30 Oktýabr 27, 2026