HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Moskwada GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi

Oktýabr 08, 2024 | 22:15 |10214
8-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň döwletl baştutanlarynyň Geňeşiniň Moskwada, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň başlyklyk etmeginde Uly Kreml köşgünde geçirilen mejlisine gatnaşdy.8-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň döwletl baştutanlarynyň Geňeşiniň Moskwada, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň başlyklyk etmeginde Uly Kreml köşgünde geçirilen mejlisine gatnaşdy.
Çeşme: e-cis.info

8-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň döwletl baştutanlarynyň Geňeşiniň Moskwada, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň başlyklyk etmeginde Uly Kreml köşgünde geçirilen mejlisine gatnaşdy.

Şeýle-de hem mejlise Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew gatnaşdy.

Dar düzümde geçirilen duşuşykda, döwlet Baştutanlary Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň arasyndaky häzirki özara gatnaşyklar barada pikir alyşdylar we 2025-nji ýylda GDA-nyň başlyklygyna karar berdiler - bu Täjigistan Respublikasyna geçer. GDA-nyň döwletl Baştutanlarynyň Geňeşiniň indiki meýilleşdirilen mejlsisi 2025-nji ýylyň 10-njy oktýabrynda Duşanbe şäherinde geçiriler.

Döwlet Baştutanlary 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk Urşunda Sowet halkynyň ýeňişiniň 80 ýyllygy mynasybetli Arkalaşygyň ýurtlarynyň we dünýä jemgyýetçiliginiň halklaryna ýüzlenme garamak we kabul etmek bilen giň düzümdäki mejlise başladylar. Ony Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko tanyşdyrdy.

GDA agza döwletleriniň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenko sammite gatnaşyjylara integrasiýa hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek üçin Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň alyp barýan işleri barada habar berdi.

GDA-nyň sammitine gatnaşyjylar Arkalaşygyň 2025-nji ýylda medeni paýtagty diýip Azerbaýjanyň Laçyn şäherini, 2026-njy ýylda Ermenistanyň Megri şäherini we 2027-nji ýylda Belarusyň Molodeçno şäherini yglan etmek baradaky kararyna gol çekdiler.

Beýleki bilelikdäki resminamalar hem kabul edildi. GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň karary bilen 2027-nji ýylda Arkalaşygyň hukuk bilim ýyly diýlip yglan edildi.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlary emeli aň pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada beýannama kabul etdi diýip, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň metbugat gullugy habar berýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Şweýsariýady öňegidişlik: Ormuz bogazy işläp başlady, ABŞ we Eýran bolsa ýadro barlaglary barada ylalaşdylar

Şweýsariýady öňegidişlik: Ormuz bogazy işläp başlady, ABŞ we Eýran bolsa ýadro barlaglary barada ylalaşdylar

18:00 Iýun 24, 2026
Indoneziýada rupiýanyň hümmetiniň gaçmagy tempe öndürijilerine täsir etdi

Indoneziýada rupiýanyň hümmetiniň gaçmagy tempe öndürijilerine täsir etdi

17:00 Iýun 24, 2026
Kir Starmer Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri wezipesinden gitdi

Kir Starmer Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri wezipesinden gitdi

16:00 Iýun 24, 2026