HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda Gazagystanyň Medeniýet günleri geçirilýär

Oktýabr 08, 2024 | 14:11 |8240
7-9-njy oktýabr aralygynda Türkmenistanda Gazagystanyň Medeniýet günleri geçirilip, Aşgabadyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin gazak kinematografy, saz sungaty we halk däp-dessurlary bilen tanyşmaga mümkinçiligi bolar. 
Bu barada Gazagystanyň “Kazinform” habarlar agentligi habar berýär.7-9-njy oktýabr aralygynda Türkmenistanda Gazagystanyň Medeniýet günleri geçirilip, Aşgabadyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin gazak kinematografy, saz sungaty we halk däp-dessurlary bilen tanyşmaga mümkinçiligi bolar. 
Bu barada Gazagystanyň “Kazinform” habarlar agentligi habar berýär.
Çeşme: inform.kz

7-9-njy oktýabr aralygynda Türkmenistanda Gazagystanyň Medeniýet günleri geçirilip, Aşgabadyň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin gazak kinematografy, saz sungaty we halk däp-dessurlary bilen tanyşmaga mümkinçiligi bolar. Bu barada Gazagystanyň “Kazinform” habarlar agentligi habar berýär.

Hususan-da, Medeniýet günleriniň maksatnamasynda “Beýik çölüň galkynmagy” (“Ұлы дала таӊы”) we “Paralimpiýaçy” filmleriniň görkezilişi bolar. Olaryň birinjisi Gazak hanlygynyň galkynyşy barada beýan edýär.

Şeýle-de guramaçylar türkmen diňleýjileri üçin Kurmangazy adyndaky halk insutrumentleriniň “Сарыарқа” Gazak milli orkestriniň konsertini, Roza Baglanowa adyndaky Döwlet akademiki konsert guramasynyň “Saz&Soul” toparynyň çykyşyny taýýarladylar.

9-njy oktýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçiriljek Gazagystanyň sungat ussatlarynyň gala-konserti Gazagystanyň Medeniýet günleriniň esasy çäresi bolar. Iki ýurduň Medeniýet ministrleriniň gatnaşmagyndaky bu çäre Türkmenistanda Gazagystanyň Medeniýet günlerini jemlär. Gala-konsertde Gazagystanyň halk artisti Ramazan Stamgaziýew, respublikanyň at gazanan işgärleri Alişer Karimow, “Дарын” Döwlet ýaşlar baýragynyň eýesi Rasul Žarmagambetow, Abylaý Tlepbergen, Tanat Sadenow we beýlekiler çykyş ederler.

Şeýle-de 10-njy oktýabrda Aşgabatda Gazagystanyň beýik şahyry Abaý Kunanbaýyň ýadygärliginiň açylyş dabarasy geçiriler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Serbiýada talyplaryň goldaýan hereketi parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy: Wuçiç ýeňlişini boýun aldy

Serbiýada talyplaryň goldaýan hereketi parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy: Wuçiç ýeňlişini boýun aldy

23:45 Oktýabr 27, 2026
“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy

“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy

23:31 Oktýabr 27, 2026
Dohada Bütindünýä maýa goýum forumy açyldy: liderler halkara söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga çagyrdylar

Dohada Bütindünýä maýa goýum forumy açyldy: liderler halkara söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga çagyrdylar

23:30 Oktýabr 27, 2026