HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

ABŞ-da Türkmenistanyň Ilçihanasynda türkmen diasporasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

Oktýabr 08, 2024 | 11:05 |8516
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli ABŞ-da Türkmenistanyň Ilçihanasynda türkmen diasporasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda ýakynda geçirilen Halk Maslahatynda kabul edilen çözgütlerde öz beýanyny tapan ýurduň ösüşiniň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli ABŞ-da Türkmenistanyň Ilçihanasynda türkmen diasporasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda ýakynda geçirilen Halk Maslahatynda kabul edilen çözgütlerde öz beýanyny tapan ýurduň ösüşiniň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Çeşme: education.gov.tm

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli ABŞ-da Türkmenistanyň Ilçihanasynda türkmen diasporasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda ýakynda geçirilen Halk Maslahatynda kabul edilen çözgütlerde öz beýanyny tapan ýurduň ösüşiniň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary Azat Ataýew Türkmenistanyň soňky ýyllarda gazanan üstünlikleri türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän netijeli strategiýasynyň netijesinde amala aşyrylandygyny belledi. Ataýew bilim pudagynda özgerişlikleriň geçirilmegini dowam etdirmegiň hem-de halkara standartlaryna laýyklykda ýokary okuw mekdepleriniň akkreditirleme işiniň kämilleşdirmegiň zerurlygy barada aýratyn belläp geçdi.

ABŞ-da Türkmenistanyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Meret Orazow öz çykyşynda ýurduň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy Türkmenistanyň ösüşiniň täze tapgyryny alamatlandyrýandygyny aýratyn belledi. Ol Halk Maslahatynda kabul edilen maksatnamalaýyn resminamalarynyň raýatlaryň ýaşaýyşlarynyň durmuş-ykdysady şertleriniň gowulandyrylmagyna, infrastrukturanyň berkidilmegine, halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilip, bu baýramçylygyň jemgyýetiň jebisleşmeginde we Watany bilen gatnaşygynda wajyp orun tutýandygyny belledi. Halkara gatnaşyklar institutynyň prorektory Begenç Mätliýew bolsa baýramçylyklaryň dowamynda teklip edilen maksatnamalar, şol sanda bilelikdäki okuw maksatnamalarynyň döredilmegi we halkara ylmy taslamalara gatnaşmagy bilim pudagy boýunça hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýändigi barada aýdyp geçdi.

Diasporanyň wekilleri döwleti ösdürmek boýunça edýän tagallalary hem-de ýurduň halkara bileleşigine goşulyşmagy üçin şertleri döredip berýändikleri üçin Milli Lidere we Türkmenistanyň Prezidentine çäksiz minnetdarlyklaryny bildirdiler. Halk Maslahatynda kabul edilen kararlar Türkmenistanyň mundan beýläk-de ösmegine we onuň durnuklylygyna möhüm täsir edýändigi barada aýratyn bellenildi.

Mundan başga-da, çärä gatnaşyjylar Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreleri ara alyp maslahatlaşmak bilen, Milli Lideriň we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda geçirilýän medeni we bilim başlangyçlaryny goldamaga we işjeň hyzmatdaşlygy alyp barmaga taýýardyklaryna ynandyrdylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Şweýsariýady öňegidişlik: Ormuz bogazy işläp başlady, ABŞ we Eýran bolsa ýadro barlaglary barada ylalaşdylar

Şweýsariýady öňegidişlik: Ormuz bogazy işläp başlady, ABŞ we Eýran bolsa ýadro barlaglary barada ylalaşdylar

18:00 Iýun 24, 2026
Indoneziýada rupiýanyň hümmetiniň gaçmagy tempe öndürijilerine täsir etdi

Indoneziýada rupiýanyň hümmetiniň gaçmagy tempe öndürijilerine täsir etdi

17:00 Iýun 24, 2026
Kir Starmer Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri wezipesinden gitdi

Kir Starmer Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri wezipesinden gitdi

16:00 Iýun 24, 2026