HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Gazagystanda geçirilen “Engineering Education: Challenges, Trends, Best Practices (EE:CTBP)” atly halkara maslahata gatnaşdy

Oktýabr 08, 2024 | 11:42 |7697
Daulet Serikbaýew adyndaky Gündogar-Gazagystan tehniki uniwersitetinde “Engineering Education: Challenges, Trends, Best Practices (EE:CTBP)” atly halkara maslahat geçirildi.Daulet Serikbaýew adyndaky Gündogar-Gazagystan tehniki uniwersitetinde “Engineering Education: Challenges, Trends, Best Practices (EE:CTBP)” atly halkara maslahat geçirildi.
Çeşme: edcuation.gov.tm

Daulet Serikbaýew adyndaky Gündogar-Gazagystan tehniki uniwersitetinde “Engineering Education: Challenges, Trends, Best Practices (EE:CTBP)” atly halkara maslahat geçirildi.

Çäre inžener we tehnologiýa hünärleri boýunça okatmagyň we okamagyň usullaryny kämilleşdirmek maksady bilen ylym we bilim wekillerini ýygnady. Okuw maksatnamalarynda CDIO standartlarynyň ulanylmagyna, şeýle-de emeli aň we durnukly ösüş meselelerine aýratyn üns berildi.

Maslahatda Türkmenistanyň adyndan Ohuz han adyndaky Inžener-tehnologiýa uniwersitetiniň nanotehnologiýa we materiallary öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy Mukam Ekäýew çykyş etdi. Maslahatyň çäginde strategiýa toparlamasy, taslama menejmenti, inžener dizaýni we durnukly bilim tehnologiýalary hem-de inžener biliminiň usulyýeti we CDIO standartlarynyň tejribede ulanylmagy boýunça ussat sapaklar geçirildi. Wekiller senagat ösüşi üçin inžener biliminiň üýtgemegi, inžener-tehniki işgärleriniň taýýarlanylyşy, inžener biliminde halkara başlangyçlar, inžener işgärleriniň şahadatlandyrma mümkinçiligi baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Umumy mejlislerde dürli ýurtlaryň, şol sanda Gazagystanyň, Malaýziýanyň, Singapuryň, Russiýanyň, Günorta Koreýanyň, ABŞ-niň, Beýik Britaniýanyň uniwersitetleriniň rektorlary we professorlary çykyş etdiler. Şeýle-de maslahata gatnaşyjylar Uniwersitetiň merkezlerine we barlaghanalaryna baryp gördüler.

CDIO (Conceive – Design – Implement - Operate) innowasion inžener bilimi boýunça hyzmatdaşlygyň halkara ulgamy bolup, ol 35 ýurduň 200-den gowrak ýokary okuw mekdeplerini birleşdirýär. Bu başlangyç talyplaryň halkara bazar üçin hakyky ulgamlary we önümleri döredip, “Meýilleşdirmek-Taslamak-Öndürmek-Ulanmak” modeli boýunça inžener hünärlerini öwredýän bilim maksatnamasyna esaslanýar.

Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýa uniwersiteti 2023-nji ýylyň mart aýynda CDIO guramasynyň dolyhukukly agzasy hökmünde kabul edilen Merkezi Aziýanyň ilkinji ýokary okuw mekdebidir. Bu Uniwersitet ýurtda we ýurt daşynda geçirilýän ylmy-amaly we okuw çärelerine gatnaşyp, akademiki we ylym ugurlarynda kämilleşmäge bolan höwesini aýdyň görkezýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Şweýsariýady öňegidişlik: Ormuz bogazy işläp başlady, ABŞ we Eýran bolsa ýadro barlaglary barada ylalaşdylar

Şweýsariýady öňegidişlik: Ormuz bogazy işläp başlady, ABŞ we Eýran bolsa ýadro barlaglary barada ylalaşdylar

18:00 Iýun 24, 2026
Indoneziýada rupiýanyň hümmetiniň gaçmagy tempe öndürijilerine täsir etdi

Indoneziýada rupiýanyň hümmetiniň gaçmagy tempe öndürijilerine täsir etdi

17:00 Iýun 24, 2026
Kir Starmer Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri wezipesinden gitdi

Kir Starmer Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri wezipesinden gitdi

16:00 Iýun 24, 2026