HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TDHÇMB-da söwdalaşyklar: geçen hepde 18 geleşik hasaba alyndy

Oktýabr 08, 2024 | 09:32 |7550
Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň netijesinde 18 geleşik hasaba alyndy.Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň netijesinde 18 geleşik hasaba alyndy.
Çeşme: exchange.gov.tm

Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň netijesinde 18 geleşik hasaba alyndy.

Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň we Özbegistanyň telekeçileri daşary ýurt walýutasyna nebit himiýa önümlerini, hususan-da, “Türkmennebit” Döwlet konserniniň tehnologiýa desgalarynda işläp taýýarlanylan suwdan arassalanan dizel ýangyjyny, polipropilen, ýagtylandyran nebiti hem-de karbamidi (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt walýutasyna tekiz reňklenen we žakkard ýumşak önümler, jins matalar, nah ýüplükler satyldy. Satyn alyjy ýurtlar: Türkiýe, Birleşen Arap Emirlikleri. Geleşikleriň umumy bahasy 10 mln 395 müňden gowrak amerikan dollara barabar boldy.

Içerki bazarda türkmenistanly işewürler umumy bahasy 8 mln 168 müň manada barabar bolan polipropileni (“Türkmennebit” DK) we nah ýüplükleri satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar barada şu salgyda tanyşyp bilersiňiz.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Metan zyňyndylaryny azaltmak we gämi gurluşygy – Türkmenistanyň we Niderlandlaryň hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde

Metan zyňyndylaryny azaltmak we gämi gurluşygy – Türkmenistanyň we Niderlandlaryň hyzmatdaşlygynyň gün tertibinde

18:00 Sentýabr 06, 2026
Gaagada Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

Gaagada Türkmenistanyň we Niderlandlar Patyşalygynyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

17:45 Sentýabr 06, 2026
Ahal welaýatynyň uzakdaky obalarynyň ýaşaýjylary döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryna eýe boldular

Ahal welaýatynyň uzakdaky obalarynyň ýaşaýjylary döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryna eýe boldular

17:41 Sentýabr 06, 2026