GDA-da “Aşgabat — Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri” çäreleriniň meýilnamasy kabul ediler


Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi 7-nji oktýabrda, duşenbe güni Moskwada geçiriler.
Ministrler halkara gün tertibindäki häzirki meseleler we GDA-nyň özara gatnaşyklary barada pikir alyşarlar. Giň düzümde, Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň agzalary GDA agza döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň bedenterbiýe we sport. gurlardaky hyzmatdaşlygy baradaky beýanyny ara alyp maslahatlaşmagy we kabul etmekligi meýilleşdirýärler.
Daşary syýasat edalarynyň ýolbaşçylary şeýle hem, 2025-nji ýyl üçin köp derejeli pudagara geňeşmeleriň meýilnamasy, Halkara ýaşlar hyzmatdaşlygy strategiýasyny durmuşa geçirmek üçin 2025-2026-njy ýyllar üçin çäreleriň meýilnamasy we Aşgabat şäherini Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleri şäheri diýip yglan edilmegine bagyşlanan 2024-2025-nji ýyllar üçin çäreleriň meýilnamasy barada kararlar kabul ederler.
Mundan başga-da, mejlisde dört sany esasy guramany döretmek – adwokatlyk işi, habar beriş serişdeleri we meýletinçilik hereketini ösdürmek ugurlarynda kararlary kabul ediler diýip, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň metbugat gullugy habar berdi.
ORIENT news




