HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda Hatyra güni bilen baglanyşykly dynç güni duşenbe gününe geçirildi

Oktýabr 05, 2024 | 04:05 |11595
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni şu ýylyň ýekşenbe gününe gabat düşýändigi sebäpli Hatyra güni bilen baglanyşykly dynç güni yza süýşürmek baradaky Permana gol çekdi.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni şu ýylyň ýekşenbe gününe gabat düşýändigi sebäpli Hatyra güni bilen baglanyşykly dynç güni yza süýşürmek baradaky Permana gol çekdi.
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni şu ýylyň ýekşenbe gününe gabat düşýändigi sebäpli Hatyra güni bilen baglanyşykly dynç güni yza süýşürmek baradaky Permana gol çekdi.

“Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň 2-nji bölümine laýyklykda 6-njy oktýabrdan dynç güni 7-nji oktýabra – duşenbe gününe geçirildi. Eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar bu kararyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmeli” diýip, “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetinde çap edilen resminamada aýdylýar.

Türkmenistanda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary, şeýle hem ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlary ýatlap 6-njy oktýabrda Hatyra güni bellenilýär. Ýurtda 6-njy oktýabr iş güni däl.

1948-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda gije bolup geçen Aşgabat ýer titremesi adamzat taryhynda iň weýrançylykly tebigy betbagtçylyklaryň biri bolmagynda galýar. Aşgabatdyň ýaşaýjylarynyň her bir maşgalasynda diýen ýaly şol betbagtçylyk gijesinde garyndaşlaryndan pida bolan ýa-da ýaralananlar bar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026