HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň nebit-gaz uniwersitetiniň wekilleri Dubaýda “WETEX 2024” gatnaşýarlar

Oktýabr 02, 2024 | 22:20 |2412
1-nji oktýabrdan 3-nji oktýabr aralygynda BAE-nyň “Dubai World Trade” sergi merkezinde “Suw, energetika, tehnologiýa we daşky gurşaw” atly halkara sergi (WETEX 2024) geçirilýär. Oňa gatnaşmak üçin Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary türkmen missiýasynyň çäginde wekilçilik etdi.1-nji oktýabrdan 3-nji oktýabr aralygynda BAE-nyň “Dubai World Trade” sergi merkezinde “Suw, energetika, tehnologiýa we daşky gurşaw” atly halkara sergi (WETEX 2024) geçirilýär. Oňa gatnaşmak üçin Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary türkmen missiýasynyň çäginde wekilçilik etdi.
Çeşme: education.gov.tm

1-nji oktýabrdan 3-nji oktýabr aralygynda BAE-nyň “Dubai World Trade” sergi merkezinde “Suw, energetika, tehnologiýa we daşky gurşaw” atly halkara sergi (WETEX 2024) geçirilýär. Oňa gatnaşmak üçin Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary türkmen missiýasynyň çäginde wekilçilik etdi.

Bu ýerde 2022-nji ýylda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU, “Türkmennebit” Döwlet konserni we “Dragon Oil (Türkmenistan) Ltd” kompaniýasy ylym we bilim pudagyndaky hyzmatdaşlyk barada ylalaşyga gol çekendigini bellemelidiris. Ylalaşygyň çäginde uniwersitetiň mugallymlary we talyplary, “Dragon Oil”-iň Türkmenistandaky şahamçasy bilen Hazar deňziniň kenarynda önümçilige girizilmegi meýilleşdirilýän ýel energiýasyny ulanmak üçin innowasion tehnologiýany döretdiler.

муниг.jpg

62 ýurtdan 2600 töweregi kompaniýanyň gatnaşýan WETEX 2024 sergisinde Dragon Oil pawilionynda HNGU ýel energiýasyny elektrik energiýasyna öwürýän gurnama modelini hödürleýär. Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary, öňdebaryjy işläp düzüjiler tarapyndan görkezilen, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň we ýaşyl energiýa babatynda dünýäniň iň oňat tejribeleri bilen tanyşarlar.

1-nji oktýabrda Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň wekilleri energiýanyň geljegine, nebit-gaz pudagynda ornaşdyrylýan täze tehnologiýalara, howa metan zyňyndylaryny azaltmaga we nebit galyndylarynyň ekologiýa meselelerine bagyşlanan okuw maslahatyna gatnaşdylar. Bu okuw maslahatyna “Dragon Oil” we “Enoc”-yň ýolbaşçylary, şeýle hem Şarja uniwersitetiniň mugallymlary gatnaşdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Londonda IFE we IFE Manufacturing 2027 halkara azyk senagaty sergileri geçiriler

Londonda IFE we IFE Manufacturing 2027 halkara azyk senagaty sergileri geçiriler

19:59 Iýul 28, 2026
Ilon Mask «X» sosial ulgamyň ulanyjylary üçin «X Money» töleg hyzmatyny işe girizdi

Ilon Mask «X» sosial ulgamyň ulanyjylary üçin «X Money» töleg hyzmatyny işe girizdi

19:56 Iýul 28, 2026
ABŞ-da komiks žurnaly 15 million dollara satyldy

ABŞ-da komiks žurnaly 15 million dollara satyldy

16:30 Iýul 28, 2026