HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan we ABŞ bilelikdäki okuw maksatnamalaryny döredýärler

Oktýabr 04, 2024 | 17:29 |9733
2024-nji ýylyñ 3-nji oktýabrynda Türkmenistanyñ Bilim ministrliginiñ wekiliýetiniñ Kent döwlet uniwersitetine amala aşyran saparynyñ çäginde ABŞ-nyñ we Türkmenistanyñ ýokary okuw mekdepleriniñ arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen möhüm gepleşikler geçirildi.2024-nji ýylyñ 3-nji oktýabrynda Türkmenistanyñ Bilim ministrliginiñ wekiliýetiniñ Kent döwlet uniwersitetine amala aşyran saparynyñ çäginde ABŞ-nyñ we Türkmenistanyñ ýokary okuw mekdepleriniñ arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen möhüm gepleşikler geçirildi.
Çeşme: Education.gov.tm

2024-nji ýylyñ 3-nji oktýabrynda Türkmenistanyñ Bilim ministrliginiñ wekiliýetiniñ Kent döwlet uniwersitetine amala aşyran saparynyñ çäginde ABŞ-nyñ we Türkmenistanyñ ýokary okuw mekdepleriniñ arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen möhüm gepleşikler geçirildi.

Wise-prezident Marçello Fantoni bilen duşuşykda wajyp meseleler, şol sanda ýol kartasynyñ taslamasy hem-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen bilelikdäki maksatnamalarynyñ döredilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu maksatnamalar Türkmenistanda Kent uniwersitetiniñ şahamçasynyñ açylmagynyñ esasyny düzer.

Şeýle-de SUSI, Fullbright we IVLP ýaly ABŞ-nyñ maksatnamalaryndan peýdalanmak mümkinçilikleri hem-de moda,binagärçilik we işewürlik ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk barada maslahatlaşyldy. Wekiliýet feşn-dizaýn (moda dizaýni), akylly şäher we häzirki zaman okuw tehnologiýalary ugurlar boýunça innowasiýalar bilen tanyş boldy. Maslahatlaşmalar halkara bazar we işewürlik şertlerinde işlemäge ukyply hünärmenleriñ taýýarlanylmagynyñ ähmiýetini açyp görkezdi.

Sapar ýurtlaryñ arasyndaky bilim hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin, şeýle-de ylymda täze ýollary açmak üçin ýokary mümkinçilikleriñ bardygyny açyp görkezdi diýip, Türkmenistanyñ Bilim ministrliginiñ saýtynda habar berilýär.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026