HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Katardaky türkmen ilçisiniň arap gazetinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna bagyşlanan makalasy çap edildi

Oktýabr 04, 2024 | 10:28 |7127
Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow meşhur arap gazetleriniň biri bolan “Al Sharq”-da Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli makalasyny çap etdi.
Makalada diplomat Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda dürli pudaklarda gazananalary, şeýle-de häzirki wagtda durmuşa geçirilýän iri taslamalary beýan etdi.Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow meşhur arap gazetleriniň biri bolan “Al Sharq”-da Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli makalasyny çap etdi.
Makalada diplomat Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda dürli pudaklarda gazananalary, şeýle-de häzirki wagtda durmuşa geçirilýän iri taslamalary beýan etdi.
Çeşme: Türkmenistanyň Katar Döwletindäki ilçisihanasy tarapyndan berildi

Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Myratgeldi Seýitmämmedow meşhur arap gazetleriniň biri bolan “Al Sharq”-da Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli makalasyny çap etdi. Makalada diplomat Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda dürli pudaklarda gazananalary, şeýle-de häzirki wagtda durmuşa geçirilýän iri taslamalary beýan etdi.

Makalada ilçi kuwwatlygy ýylda 33 mlrd m3 barabar bolan Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy barada belläp geçdi.

Türkmenistan iň iri gazy eksport edijileriniň biri bolup, dünýäde iň iri gaz ýataklarynyň eýesi hasaplanýar. Katar bolsa, öz gezeginde, dünýäde iň iri suwuklandyrylan gazy eksport edijileriniň biri hasaplanylýar.

Soňky ýyllarda türkmen-katar gatnaşyklary ähli ugurlar boýunça ösdürilýär. Hususan-da, ýokary derejeli saparlaryň we yzygiderli syýasy geňeşmeleriň geçirilmegi bilen Türkmenistan bilen Kataryň arasyndaky söwda-ykdysady, syýasy-diplomaik gatnaşyklary has-da pugtalandyryldy.

Myratgeldi Seýitmämmedow Türkmenistanyň özüniň bitaraplyk syýasatyna esaslanyp, sebit we dünýä halklarynyň bähbidine gönükdirilen daşary syýasatyny işjeň durmuşa geçirýändigi barada aýratyn belläp geçdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Serbiýada talyplaryň goldaýan hereketi parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy: Wuçiç ýeňlişini boýun aldy

Serbiýada talyplaryň goldaýan hereketi parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy: Wuçiç ýeňlişini boýun aldy

23:45 Oktýabr 27, 2026
“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy

“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy

23:31 Oktýabr 27, 2026
Dohada Bütindünýä maýa goýum forumy açyldy: liderler halkara söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga çagyrdylar

Dohada Bütindünýä maýa goýum forumy açyldy: liderler halkara söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga çagyrdylar

23:30 Oktýabr 27, 2026