HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda Kent döwlet uniwersitetiniň şahamçasynyň açylmagy göz öňünde tutulýar

Oktýabr 03, 2024 | 12:32 |8488
Türkmenistanda Kent döwlet uniwersitetiniň şahamçasyny açmak mümkinçiligi bilim ministriň orunbasary Azat Ataýewiň we agzalan amerikan ýokary okuw mekdebiniň rektory Todd Dýakonyň arasynda geçirilen duşuşygyň dowamynda ara alnyp maslahatlaşyldy.Türkmenistanda Kent döwlet uniwersitetiniň şahamçasyny açmak mümkinçiligi bilim ministriň orunbasary Azat Ataýewiň we agzalan amerikan ýokary okuw mekdebiniň rektory Todd Dýakonyň arasynda geçirilen duşuşygyň dowamynda ara alnyp maslahatlaşyldy.
Çeşme: education.gov.tm

Türkmenistanda Kent döwlet uniwersitetiniň şahamçasyny açmak mümkinçiligi bilim ministriň orunbasary Azat Ataýewiň we agzalan amerikan ýokary okuw mekdebiniň rektory Todd Dýakonyň arasynda geçirilen duşuşygyň dowamynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmen tarapy ýol kartasynyň taslamasyny taýýarlady. Saparyň çäginde taraplar bu wajyp başlangyjyň ähli ugurlaryny jikme-jik işläp taýýarlamakçy.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň habar berişi ýaly, ABŞ-nyň Ogaýo ştatynyň Kent şäherine amala aşyrylan saparyň dowamynda özara düşünişmek barada üç Ähtnama gol çekildi – Kent döwlet uniwersiteti bilen Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklar institutynyň hem-de Türkmen döwlet binagärçilik we gurluşyk institutynyň arasynda.

Ylalaşyklar akademik maksatnamalarynyň giňeldilmegine, bilelikdäki bilim we ylym başlangyçlarynyň döredilmegine, şeýle-de ýurtlaryň arasynda medeni hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir. Türkmenistanyň wekilleri saparyň dowamynda beýik akyldar we şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäräni guramak mümkinçiligi üçin hem öz minnetdarlygyny bildirdiler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Serbiýada talyplaryň goldaýan hereketi parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy: Wuçiç ýeňlişini boýun aldy

Serbiýada talyplaryň goldaýan hereketi parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy: Wuçiç ýeňlişini boýun aldy

23:45 Oktýabr 27, 2026
“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy

“Arkadagyň Ruhy metjidi” dini guramasynyň başlygy, Baş ymamy Ýalkap Hojagulyýew Päkistana sapar bilen bardy

23:31 Oktýabr 27, 2026
Dohada Bütindünýä maýa goýum forumy açyldy: liderler halkara söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga çagyrdylar

Dohada Bütindünýä maýa goýum forumy açyldy: liderler halkara söwda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga çagyrdylar

23:30 Oktýabr 27, 2026