HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Oktýabr aýynda Aşgabatda BMG-niň bilermenleriniň energiýa birikmesi boýunça duşuşygy geçiriler

Oktýabr 02, 2024 | 19:40 |9333
BMG-niň energiýa birikmesi boýunça bilermenleriniň duşuşygy şu ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýär.BMG-niň energiýa birikmesi boýunça bilermenleriniň duşuşygy şu ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Çeşme: mfa.gov.tm

BMG-niň energiýa birikmesi boýunça bilermenleriniň duşuşygy şu ýylyň oktýabr aýynda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Baş sekretarynyň Ykdysady we durmuş meseleler boýunça orunbasyry Li Jinhua bilen duşuşygynda guramasy, beýleki bilelikdäki çäreler, hususan-da, 2026-2035-nji ýyllarda BMG-nyň Durnukly ulag boýunça onýyllygy üçin durmuşa geçiriş meýilnamasy boýunça Durnukly ulag baglanyşygynyň dünýä kartasyny işläp düzmelgi barada maslahatlaşdylar.

Duşuşyk 30-njy sentýabrda Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň çäginde geçirildi. Türkmen tarapdan, Türkmenistanyň Hökümetiniň 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş maksatlarynyň Gün tertibini milli we halkara derejesinde durmuşa geçirilmegine doly goldaw berýändigi we işjeň gatnaşýandygy bellendi. Munuň üçin, ýurtda Hökümete DÖM-iň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek boýunça ýyllyk hasabatlary bermek üçin içerki gurluş hereket edýär.

02102024-ashhabad-primet-vstrechu-oon-po-energeticheskoj-svyazuemosti (1).jpg

Tarapalar Türkmenistan başlangyjy esasynda “Birleşen Milletler Guramasynyň Dostluk oýunlary” atly Kararnamanyň kabul edilmeginiň ähmiýetini belläp, ondaky bellenilen kadalary durmuşa geçirmek üçin bilelikdäki çäreleri ara alyp maslahatlaşdy diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat beýanatynda aýdylýar.

BMG-nyň Nýu-Yorkorkdaky edara binasynda 22-23-nji sentýabr aralygynda Türkmenistanyň “Geljegiň sammitine” gatnaşmagy ara alyp maslahatlaşylan esasy mowzuklaryň biri boldy. Türkmen tarapy bu sammitiň mejlisleriň birine başlyklyk etdi.

BMG-nyň howandarlygynda bilelikdäki çäreleri guramak 30-njy sentýabrda Nýu-Ýorkda ministr Raşid Meredow bilen BMG-nyň Baş sekretarynyň Baş Assambleýanyň işleri we konferensiýa dolandyryşy boýunça orunbasary Mowses Abelýanyň arasynda geçirilen söhbetdeşligiň mowzugy boldy.

02102024-ashhabad-primet-vstrechu-oon-po-energeticheskoj-svyazuemosti (2).jpg

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Şweýsariýady öňegidişlik: Ormuz bogazy işläp başlady, ABŞ we Eýran bolsa ýadro barlaglary barada ylalaşdylar

Şweýsariýady öňegidişlik: Ormuz bogazy işläp başlady, ABŞ we Eýran bolsa ýadro barlaglary barada ylalaşdylar

18:00 Iýun 24, 2026
Indoneziýada rupiýanyň hümmetiniň gaçmagy tempe öndürijilerine täsir etdi

Indoneziýada rupiýanyň hümmetiniň gaçmagy tempe öndürijilerine täsir etdi

17:00 Iýun 24, 2026
Kir Starmer Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri wezipesinden gitdi

Kir Starmer Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri wezipesinden gitdi

16:00 Iýun 24, 2026