HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen mekdep okuwçylary Malaýziýada geçirilen Bütindünýä ýaş alymlaryň bäsleşiginde üstünlikli çykyş etdiler

Sentýabr 30, 2024 | 14:04 |7017
Türkmenistanly mekdep okuwçylary Kuala-Lumpur şäherinde geçirilen 6-njy bütindünýä bäsleşigine we oýlap tapyşlaryň sergisine (WICE) gatnaşyp, ýurduň adyndan mynasyp çykyş etdiler diýip, Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berýär.Türkmenistanly mekdep okuwçylary Kuala-Lumpur şäherinde geçirilen 6-njy bütindünýä bäsleşigine we oýlap tapyşlaryň sergisine (WICE) gatnaşyp, ýurduň adyndan mynasyp çykyş etdiler diýip, Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berýär.
Çeşme: education.gov.tm

Türkmenistanly mekdep okuwçylary Kuala-Lumpur şäherinde geçirilen 6-njy bütindünýä bäsleşigine we oýlap tapyşlaryň sergisine (WICE) gatnaşyp, ýurduň adyndan mynasyp çykyş etdiler diýip, Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berýär.

Çäräniň guramaçylary bolup Indoneziýanyň Ýaş alymlar assosiasiýasy hem-de Malaýziýanyň MAHSA Uniwersiteti (Malaysian Allied Health Sciences Academy) çykyş etdiler.

Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy Kerimberdi Myratlyýew “Novalorep web-saýty” taslamasy üçin ýörite baýraga hem-de altyn medala mynasyp boldy. Şol mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Mergenow Ohuzhan “Gözegçilik edilýän atmosferaly gurluş” taslamasy üçin kümüş medal bilen sylaglanyldy, ýokary synp okuwçylary Ödemyradow Rahmanberdi we Arslanow Aýhan “E-awto web-saýty” we “E-kärende web-saýty” taslamalary bilen mynasyp çykyş edip, kümüş medallara eýe boldular.

Abraýly halkara bäsleşige jemi dünýäniň 15 ýurdundan – Indoneziýadan, Meksikadan, Malaýziýadan, Gazagystandan, ABŞ-den, Günorta Afrikadan, Günorta Koreýadan, Türkiýeden, Hindistandan, BAE-dan, Belarusdan, Tailanddan, Bangladeşden, Wýetnamdan we beýleki ýurtlardan 120-den gowrak mekdep okuwçylary gatnaşdylar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

Malaýziýa Türkmenistanyň energetika bazaryndaky gatnaşygyny giňeldýär

06:07 Oktýabr 24, 2026
Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

Aşgabatda gender deňligini öňe ilerletmäge gönükdirilen CHANGE maksatnamasy tanyşdyryldy

06:05 Oktýabr 24, 2026
Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

Batumide Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň ilkinji sammiti geçirildi: üns merkezinde Orta geçelge

05:00 Oktýabr 24, 2026