HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Astrahan oblasty Türkmenistanyň logistika merkezi üçin 20 gektar ýer bölüp berdi

Sentýabr 30, 2024 | 01:40 |7799
Astrahan oblastynyň Hökümeti “Lotos” ykdysady port zolagynda Türkmenistanyň logistika merkezini ýerleşdirmek üçin 20 gektar ýer bölegini taýýarlady diýip, sebitiň gubernatorynyň orunbasary we hökümetiniň başlygy Denis Afanasýewe salgylanyp TASS habar berýär.Astrahan oblastynyň Hökümeti “Lotos” ykdysady port zolagynda Türkmenistanyň logistika merkezini ýerleşdirmek üçin 20 gektar ýer bölegini taýýarlady diýip, sebitiň gubernatorynyň orunbasary we hökümetiniň başlygy Denis Afanasýewe salgylanyp TASS habar berýär.
Çeşme: sezlotos.ru

Astrahan oblastynyň Hökümeti “Lotos” ykdysady port zolagynda Türkmenistanyň logistika merkezini ýerleşdirmek üçin 20 gektar ýer bölegini taýýarlady diýip, sebitiň gubernatorynyň orunbasary we hökümetiniň başlygy Denis Afanasýewe salgylanyp TASS habar berýär.

— Biz eýýam köp wagtdan bäri Türkmenistanyň söwda-logistika merkezi üçin bu ýer bölegini saklap gelýäris we muny dowam etdirmek isleýäris, sebäbi diňe bir Türkmenistana däl, eýsem şuňa meňzeş şertleri Eýran Yslam Respublikasyna hem teklip etmek meýilleşdirýäris. Biziň Eýran bilen hem uly möçberdäki daşary ykdysady işlerimiz bar – diýip Afanasýew belledi.

Aşgabat şäherine iş sapary wagtynda türkmen kärdeşleri bilen taslamany jikme-jik ara alyp maslahatlaşdyk diýip, Afanasýew sözüniň üstüne goşdy. “Bu gün merkeziň işiniň tehniki taraplaryny ara alyp maslahatlaşdyk we onuň işleýşi barada pikir alyşdyk. Tehniki maslahatlaşmalarda öňegidişlik gazandyk, ýöne durmuşa geçirmke işleriniň möhleti entek kesgitlenmedi. Muňa garamazdan, ýer bölegi biziňki bolmagynda galýar” – diýip, Afanasýew mälim etdi.

Logistika merkezini döretmek hakynda ylalaşyga şu ýylyň ýylyň ýanwar aýynda Russiýanyň Premýer-ministri Mihail Mişustiniň Aşgabada amala aşyran saparynyň çäklerinde “Lotos” AYZ (aýratyn ykdysady zolagynyň) baş direktory Sergeý Miluşkin bilen “Türkmenistanyň Ulag-logistika merkeziniň” baş direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Merdan Bäşimowyň arasynda gol çekildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýapon alymlary täze dişleriň ösmegini höweslendirýän serişdäni üstünlikli synagdan geçirdiler

Ýapon alymlary täze dişleriň ösmegini höweslendirýän serişdäni üstünlikli synagdan geçirdiler

20:41 Iýul 15, 2026
Fransiýadaky iri tokaý ýangyny Fontenblo tokaýyny weýran etmegini dowam etdirýär, ýaşaýjylar howpsuz ýerlere göçürilýär

Fransiýadaky iri tokaý ýangyny Fontenblo tokaýyny weýran etmegini dowam etdirýär, ýaşaýjylar howpsuz ýerlere göçürilýär

13:00 Iýul 15, 2026
«Ariranyň» bäş görnüşi — Koreýanyň baş aýdymy Kwanjuda türkmen dilinde ýaňlanar

«Ariranyň» bäş görnüşi — Koreýanyň baş aýdymy Kwanjuda türkmen dilinde ýaňlanar

18:36 Iýul 14, 2026