HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan Kamboja, Albaniýa, Portugaliýa we Filippinler bilen gatnaşyklary berkidýär

Sentýabr 29, 2024 | 14:46 |9589
28-nji sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow beýleki döwletlerden bolan birnäçe kärdeşleri bilen duşuşdy.28-nji sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow beýleki döwletlerden bolan birnäçe kärdeşleri bilen duşuşdy.
Çeşme: mfa.gov.tm

28-nji sentýabrynda Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisiniň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow beýleki döwletlerden bolan birnäçe kärdeşleri bilen duşuşdy.

Şunlukda Kamboja Patyşalygynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministri Sok Çenda Sofea bilen bolan duşuşygyň dowamynda iki ýurdyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleri geçirmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

камбоджа.jpg

Taraplar iki ýurduň arasyndaky işewürlik we söwda hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynyň assosiasiýasy (ASEAN) bilen bilelikdäki çäreleri guramak we hyzmatdaşlygyň geljegine seretdiler.

Albaniýa Respublikasynyň Ýewropa ișleri we Daşary işler ministri Igli Hasani bilen geçirilen duşuşykda ilçileri akkreditasiýa etmegiň we syýasy geňeşmeleri geçirmegiň üsti bilen ýola goýulýan yzygiderli dialogyň ähmiýeti nygtaldy. Duşuşygyň barşynda söwda we senagat hyzmatdaşlygyny giňeltmek, syýahatçylyk, maýa goýumlaryny çekmek we iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary ýola goýmak bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Албания.jpg

Duşuşyga gatnaşyjylar dürli ugurlarda döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin bilelikdäki resminamalary işläp düzmek barada pikir alyşdylar.

Portugaliýanyň Döwlet ministri we Daşary işler ministri Paulu Ranžel bilen geçirilen duşuşykda suw serişdelerini dolandyrmak, sanlylaşdyrmak, ylym, medeniýet we bilim pudagynda gatnaşyklary ýola goýmaga gyzyklanma bildirdiler. Şeýle hem Türkmenistanda we Portugaliýada geçirilýän çärelere gatnaşmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Filippinleriň Daşary işler ministri Enrike Manalo bilen bolsa ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine garaldy.

португалия.jpg

Merkezi Aziýa we ASEAN ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze görnüşini döretmek hakyndaky türkmen tarapynyň başlangyjy duşuşykda ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň birine öwrüldi. Türkmenistan söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltjek “Merkezi Aziýa – ASEAN” dialog mehanizmini ösdürmegi teklip etdi.

филиппины.jpg

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

20:26 Oktýabr 26, 2026
Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

19:00 Oktýabr 26, 2026